close-icon
Mobil-banking
photo

“Mobil-banking” – bu siziň hasaplaryňyzy oňaýly we döwrebap dolandyrmak üçin niýetlenen hyzmatdyr. Mobile banking arkaly Siz islendik wagtda Bankda öz hasabyňyzdaky galyndy serişdeleri barlamak, karzlary üzmek, mobil we öý telefonlaryňyzyň hasabyny doldurmak, IP teleýaýlymynyň we Internet ulgamynyň töleglerini tölemek, şeýle hem, öz hasaplaryňyz boýunça geçen amallaryň taryhyna seretmek ýaly birnäçe hyzmatlardan peýdalanyp bilersiňiz.

"Mobil-banking" hyzmatyny birikdirmek örän ýeňildir – onuň üçin Internetde http://www.halkbank.gov.tm  saýtyndan Android ýa-da IOS goşundylaryny mugt alyp, mobil telefonlaryňyzda gurnamaly.

Bankyň amatly hyzmatlaryndan peýdalanmaga howlugyň!

Internet-bank, Mobil-bank hyzmatlarymyzdan peýdalanýan müşderilerimiz,
SMS arkaly kart hasaplarynyňyzy dolandyryp bilýärsiňiz!

BAL 9934%XXXX (XXXX – kartyňyzyň soňky belgileri) +0701 belgä SMS goýberip, balansyňyzy görüp bilersiňiz! BLOCK 9934%XXXX +0701 belgä SMS goýberip, kartyňyzy blokirläp bilersiňiz! Kartyňyzy blokdan açmak üçin Internet bankdan we Mobil bankdan peýdalanmaly ýa-da banka ýüz tutmaly.

Açar sözini dikeltmegiň gollanmasy

tmkon rukon

Türkmenistanyň banklarynyň “Mobile banking” programma üpjünçilikleri:

  Türkmenistanyñ "Halkbank" paýdarlar täjirçilik banky    Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik banky   Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky   «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky   Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky   «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky   Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky