close-icon
E-commerce
Türkmenistanyň "Halkbank" PTB-y hususy telekeçilere E-сommerсе (Internet-ekwaýring) hyzmatyny hödürleýär.
 Hyzmatlaryň sanawy 
Häzirki wagtda “e-commerce”, ýagny elektron söwdasyny hem döwlet edaralary, hem hususy kärhanalary ulanyp, köp sanly hyzmatlarynyň we harytlarynyň “online” söwdalaryny gurnaýarlar.
Muňa mysal edip, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň e-commerce platformasy esasynda işleýän birnäçe saýtlary görkezip bolar:
 Aşgabat şäher telefon ulgamyň web-saýty 
Bu saýtdan peýdalanmak üçin islendik bankomatdan “SMS –habar bermek” hyzmatyny birikdirip, Internet, öý telefonyna we IP – telewideniýe üçin islendik wagt töleg edip bolýar.
 Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň web-saýty 
Fiziki şahslar we ýuridiki taraplar üçin ätiýaçlandyrmagyň dürli görnüşlerini, meýletin we hökmany ätiýaçlandyrmany bu saýtdan sargyt edip, internetden töleg edip bolýar.
 “Ak Yol Computers” kärhanasynyň dükanynyň web-saýty 
Bu dükanda elektronika, öý üçin tehnikalary, kompýuter enjamlary we olaryň gurluş şaýlaryny sargyt edip, internetden töleg edip bolýar.
 Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky “Bagtyýar” oteliniň web-saýty 
Bu saýtyň üsti bilen ildeşlerimiz “Bagtyýar” oteliniň otaglaryny saýlap, öňünden sargyt edip we internetden töleg edip bilerler.
Ýokarda agzalan saýtlaryň ählisinde “Altyn Asyr” bank kartlarynyň rekwizitlerini, ýagny kartyň belgisini, möhletini, karty saklaýjynyň adyny we familiýasyny, CVC2 koduny girizip, nagt däl görnüşinde tölegleri ýerine ýetirip bolýar. Kartyň CVC2 kody kartyň arka tarapynda ýazylmadyk ýagdaýynda ony bilmek üçin öz hyzmat edýän bankyna ýüz tutup ýa-da bankomadyň üsti bilen alyp bolýar.
 GEREKLI RESMINAMALARYŇ SANAWY