close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Prezidenti Irlandiýanyň Prezidentini gutlady
17.03.2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Irlandiýanyň Prezidenti Maýkl D.Higginse hem-de Irlandiýanyň ähli halkyna ýurduň milli baýramy — Keramatly Patrigiň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Maýkl D.Higginse berk jan saglyk, işinde uly üstünlikleri, Irlandiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

https://www.tdh.gov.tm/tk/post/39971/turkmenistanyn-prezidenti-irlandiyanyn-prezidentini-gutlady