close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
18.12.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz hatynda soňky ýyllarda Kataryň döwlet gurluşyny berkitmekde we halkara giňişlikdäki abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda uly netijeleri gazanandygyny belläp, ýurtlarymyzyň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikde iş alyp barmaga taýýardygyny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, asylly işinde üstünlikleri, Katar Döwletiniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik, rowaçlyk arzuw etdi.

https://www.tdh.gov.tm/tk/post/39049/turkmenistanyn-prezidenti-katar-dowletinin-emirini-gutlady-3