close-icon
Habarlar
photo
Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy başlandy
14.09.2023

Şu gün Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy başlandy.

Foruma hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşýar.

Sammitiň gün tertibine syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri girizildi. Döwlet Baştutanlarynyň ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns bermegine garaşylýar.

Şeýle hem foruma gatnaşyjylar halkara we sebitara hyzmatdaşlykda gyzyklanma bildirýän ugurlary ara alyp maslahatlaşarlar.

https://www.tdh.gov.tm/tk/post/37570/dusenbe-saherinde-merkezi-aziya-dowletlerinin-bastutanlarynyn-basinji-konsultatiw-dususygy-baslandy