close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
08.08.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Prezidenti hanym Halima Ýakoba, Premýer-ministri Li Sýan Luna hem-de ýurduň halkyna Singapur Respublikasynyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, özara hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine yzygiderli giňeldiljekdigine uly ynam bildirdi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident hanym Halima Ýakoba we Premýer-ministr Li Sýan Luna berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Singapuryň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

https://www.tdh.gov.tm/tk/post/37119/turkmenistanyn-prezidenti-singapur-respublikasynyn-yolbascylaryny-gutlady-2