close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn sammiti
04.08.2023

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirildi.

Kaşaň “Arkadag” myhmanhanasy ýokary derejeli duşuşygyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlary kabul etmek hem-de iri halkara çäreleri guramak üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy.

Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda türkmen-täjik we türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny bellemek gerek. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ilkibaşdan deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda guralýan hyzmatdaşlyk depginli häsiýete eýedir. Türkmenistan, Täjigistan, Özbegistan abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerinde, beýleki köptaraplaýyn meýdançalarda ysnyşykly gatnaşyk edip, sebit we ählumumy derejede oňyn tagallalaryň ilerledilmegine saldamly goşantlaryny goşýarlar. Üçtaraplaýyn duşuşyklar hem netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat sammiti taryhy waka bolmak bilen, strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän, däp bolan döwletara gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda täze möhüm tapgyry alamatlandyrýar.

Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan netijeli hyzmatdaşlyk, onuň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, bilelikdäki geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly kuwwata eýedir. Şu nukdaýnazardan, bu gezekki ýokary derejedäki duşuşyk häzirki döwrüň ýagdaýyndan we geljek üçin meýilnamalardan ugur alyp, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistan bu meselelerde işjeň orny eýeläp, netijeli döwletara we sebit gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär.

Aşgabadyň Halkara howa menziline gelende, belent mertebeli myhmanlary türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli mübärekledi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz dostlukly döwletleriň Baştutanlary bilen duşuşyklary geçirdi.

Belent mertebeli myhmanlar howa menzilinden paýtagtymyzyň “Arkadag” myhmanhanasyna tarap ugradylar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtly kärdeşlerini mähirli mübärekledi. Sammitiň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz doganlyk ýurtlaryň Liderleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi.

Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde ýokary derejedäki duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplaryň netijeli hyzmatdaşlyga hem-de umumy abadançylygyň bähbidine tagallalary birleşdirmäge berk ygrarlydyklary tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanlary ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp we sammite gatnaşmak üçin ýurdumyza gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn görnüşdäki ilkinji duşuşygynyň biziň hyzmatdaşlygymyzyň mazmunyna laýyk gelýän we onuň yzygiderli häsiýetini alamatlandyrýan möhüm ähmiýetli, kanunalaýyk wakadygyny belledi.

Häzirki wagtda biziň döwletlerimiziň arasyndaky özara düşünişmek, ynanyşmak, açyklyk ýokary derejä çykaryldy. Munuň özi bize öňümizde uzak möhletli döwür üçin batyrgaý we bilelikdäki anyk wezipeleri goýmaga, iri taslamalaryň başyny başlamaga, üçtaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz munuň diňe bir üç ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, sebit işlerine-de oňyn täsir etjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň aýratyn nygtaýşy ýaly, ysnyşykly bilelikdäki işler ileri tutulýan ugurlaryň ylalaşylmagy, ösüşiň meýilnamalarynyň utgaşdyrylmagy halklarymyzyň jana-jan bähbitlerine, milli ykdysadyýetleriň mümkinçiliklerine we isleglerine laýyk gelýär. Taraplaryň öz gatnaşyklaryny häzirki döwrüň ýörelgeleri esasynda gurap, umumy ösüş binýadyna daýanýandygy, olaryň köpasyrlyk oňyn tejribäni ulanyp, häzirki geosyýasy we ykdysady şertlerde taryhy dowamatlylygy üpjün edýändigi wajypdyr.

Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky ulag geçelgesini ösdürmekde Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň eýeleýän möhüm orny, biziň çäklerimizde netijeli logistika düzüminiň döredilmegi bu babatda ähmiýetlidir. Halkara energetika hyzmatdaşlygynda, yklymda energiýa serişdelerini ibermegiň täze ugurlaryny döretmekde biziň döwletlerimiziň orny ýokarlanýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Möhüm suw hojalygy, ekologiýa meseleleriniň üstünlikli çözülmegi köp babatda biziň başlangyçlarymyza hem-de ylalaşykly hereketlerimize baglydyr. Şu we beýleki wajyp meseleler häzirki üçtaraplaýyn gün tertibinde durmak bilen, umumy sebit ösüşiniň wezipeleri we geljegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, şu günki sammit Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň çäklerinde bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi, bu formatyň üstüniň ýetirilmegi we baýlaşdyrylmagy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz häzirki çylşyrymly halkara şertleriň ýokary derejede jebisligi, ylalaşyklylygy we özara goldawy talap edýändigini belläp, biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň ençeme asyrlyk tejribä esaslanýan umumy döredijilikli ýörelgelerden, däp-dessurlardan, gymmatlyklardan ugur alýandyklaryna ünsi çekdi. Parahatçylyk, durnuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk uly baýlykdyr. Biz bu baýlygy aýawly saklamalydyrys, artdyrmalydyrys we geljek nesillere geçirmelidiris.

Döwlet Baştutanymyz sammitiň gün tertibine ünsi çekip, birnäçe möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmalydygyny belledi. Şol meseleleriň çözülmegi uzak möhletli geljek üçin üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli bolmagyny üpjün etmäge, artykmaçlyklary hem-de mümkinçilikleri doly derejede herekete getirmäge ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz durnukly suw üpjünçiligini sebitiň ýurtlary üçin derwaýys meseleleriň hatarynda görkezip, suw serişdelerini rejeli dolandyrmagyň gurallaryny kemala getirmek, bu ugurda netijeli çäreleri görmek meselesiniň wajypdygyny nygtady. Gürrüň, hususan-da, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, degişli suw hojalyk desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, beýleki degişli çäreler hem-de biziň ýurtlarymyzyň suwa bolan isleglerini doly derejede we özara bähbitleri nazara almak arkaly üpjün etmäge mümkinçilik berjek tehnologik çözgütler barada barýar. Suw turbageçiriji infrastrukturasyny döretmegiň mümkinçiliklerine garamak şeýle çözgütleriň biri bolup bilerdi.

Energetika ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlygyň netijeli nusgasyny döretmegiň maksadalaýykdygy barada aýtdy. Ol üç ýurduň artýan energiýa isleglerini hem-de milli energiýa ulgamlarynyň berkliginiň zerur bolan ätiýaçlygyny üpjün eder. Bu strategik maksatlara ýetmek üçin ulgamlaýyn, anyk çemeleşme zerur bolup durýar. Bu ulgamda eýýäm belli bir tejribe toplandy hem-de özara gatnaşyklaryň, hususan-da, elektrik energetikasy ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň oňat mysallary bar. Umuman, Türkmenistan şeýle hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, onuň durnukly häsiýetli bolmagyny üpjün etmäge taýýardyr. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gaz pudagynda uzak möhletli üçtaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmaga degişli teklibi beýan etdi.

Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň hyzmatdaşlygynda ulag ulgamyna hem möhüm orun degişlidir. Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Biziň ýurtlarymyz Aziýa we Ýewropanyň arasyndaky üstaşyr ulag gatnawlarynda geografik taýdan möhüm orny eýeleýär. Munuň özi üç döwletiň çäginde Ýewraziýa yklymynyň iki bölegini birleşdirýän doly derejeli logistika merkezini döretmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bitewi ulag strategiýasyny döretmek üçin tagallalary birleşdirmegiň wajypdygyny aýtdy. Şeýle hem bu ugurda gatnaşyklaryň köp babatda halkara hyzmatdaşlar bilen ylalaşygyň gazanylmagyny üpjün etmäge ukyplydygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz dünýä giňişliginde ylalaşykly ulag diplomatiýasyny bilelikde has maksada okgunly amala aşyrmagyň zerurdygyny nygtady. Bu diplomatiýa ýöriteleşdirilen düzümler — BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy, Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy bilen işleri işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, söwdany giňeltmek we özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, senagat kooperasiýasy, kiçi we orta telekeçilik ulgamynda hyzmatdaşlyk, maýa goýum işini höweslendirmek ýaly üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri çetde galmaly däldir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda serhetýaka söwda zolagyny döretmegiň taslamasyny bu ugurlardaky geljegi uly başlangyçlaryň hatarynda görkezdi. Iki hepde mundan ozal Daşoguz welaýatynda şu zolakda ýerleşjek Söwda merkeziniň taslamasyny düzmek we gurmak hakynda Karara gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň maý aýynda Täjigistana amala aşyran döwlet saparynyň barşynda doganlyk ýurduň çäginde türkmen kompaniýalarynyň gatnaşmagynda dokma fabrigini döretmek boýunça taslamany durmuşa geçirmegiň mümkinçiligine garamaga taýýardygy tassyklanyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şular barada aýtmak bilen, biziň ýurtlarymyzda bar bolan kuwwatyň ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen çäklenmezlige, senagat önümçiligi, obasenagat toplumy, gurluşyk, çig maly gaýtadan işlemek, köpçülikleýin sarp edilýän harytlary çykarmak ýaly ulgamlarda iri üçtaraplaýyn taslamalara çykmagy meýilleşdirmäge mümkinçilik berýändigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, şu günki duşuşygyň köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekde tapgyrlaýyn waka boljakdygyna, biziň döwletlerimiziň we halklarymyzyň arasyndaky doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy, özara hormat goýmagy pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň biziň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge şahsy goşandyny aýratyn belläp, Türkmenistanyň umumy bähbitlere laýyk gelýän üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Soňra Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona söz berildi.

Täjik Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistana gelmäge çakylygy we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa hökmünde üçtaraplaýyn Aşgabat sammitiniň ähmiýetini nygtady. Şunda Täjigistanyň Baştutany şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygyň netijeli häsiýetini belledi. Şol duşuşygyň barşynda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň we üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Nygtalyşy ýaly, bu sammit biziň ýurtlarymyzyň köpugurly strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, doganlyk halklaryň bähbidine ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga berk ygrarlydygyny tassyklaýar. Şeýle hem döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn giňeldilmeginiň Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmäge ýardam berýändigi bellenildi.

Häzirki döwürde deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak we olara hormat goýmak, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, geljekki umumy gün tertibini kemala getirmek ýörelgeleri esasynda gatnaşyklar yzygiderli we toplumlaýyn häsiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzda uzak möhletleýin geljek üçin netijeli bilelikdäki iş babatda giň mümkinçilikler bar. Syýasy dialog yzygiderli ösdürilýär, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlyga täze kuwwatly itergi berildi. Bu ugurlarda uly tejribe toplandy. Taraplar suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň aýratyn ähmiýetlidiginden ugur alyp, bu ulgamda yzygiderli hyzmatdaşlyk edýärler.

Täjigistanyň Baştutany ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň wajypdygyny aýtdy. Munuň özi milli ykdysadyýetleriň durnuklylygyny üpjün etmäge ýardam berer. Şeýle-de parlamentara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Prezident Emomali Rahmon Türkmenistanyň döwletara we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky başlangyçlaryna ýokary baha berip, Täjigistan Respublikasynyň öňde goýlan maksatlara ýetmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.

Mümkinçilikden peýdalanyp, dostlukly ýurduň Lideri kärdeşlerini Täjigistana gelmäge we Duşenbede geçiriljek halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe söz berildi.

Özbek Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, sammitiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi we bilelikde üstünlikli işlemek üçin ajaýyp şertleriň döredilendigini nygtady. Özbegistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşykda hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz bu meselelere hemişe uly üns berýär.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda biziň döwletlerimiziň arasyndaky dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň taryhy däplerine, uzak möhletli maksatlaryň we bähbitleriň umumylygyna esaslanýan gatnaşyklar hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolýar. Soňky ýyllarda gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça durnukly ösüş üpjün edilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Bu duşuşyk strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçiliklerini has doly açyp görkezmäge ýardam eder.

Biziň ýurtlarymyz söwda-ykdysady, maýa goýumlar, energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda we beýleki ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Oba we suw hojalygy hem möhüm ugurlar bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe teklipler, şol sanda öňdebaryjy suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, suw serişdelerini dolandyrmak işini sanlylaşdyrmak, bu meselelerde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň kuwwatyndan peýdalanmak, hyzmatdaşlyk guramalarynyň we düzümleriniň ugry boýunça gatnaşyklar babatda teklipler beýan edildi.

Yzygiderli ösdürilýän medeni-ynsanperwer hem-de parlamentara gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar. Bellenilişi ýaly, biziň döwletlerimiz sebit we halkara derejede ysnyşykly, özara goldamak ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlyk edip, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek işine anyk goşant goşýar.

Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek baradaky tekliplerini goldaýandygyny aýdyp, şu günki duşuşygyň sebit gatnaşyklaryna hil taýdan täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Sammitiň dowamynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň orunbasary Filipp Saprykine söz berildi. Ol merkeziň işi barada maglumat bilen çykyş etdi.

Bellenilişi ýaly, soňky 30 ýylyň dowamynda sebitiň döwletleri ösüş babatda uly üstünlikleri gazandylar. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa köp ugurlarda sebit hyzmatdaşlygynyň nusgasy bolup durýar. Merkezi Aziýanyň ýurtlary ählumumy wehimlere garşy durmaga saldamly goşant goşýarlar. BMG-niň Baş Assambleýasy muňa jogap edip, Parahatçylyk üçin täze gün tertibini öňe sürdi.

Merkezi Aziýanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm şertleri bilen baglylykda, Aşgabat sammitiniň taraplaryň bu meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirmäge ygrarlydygyna şaýatlyk edýändigi bellenildi. Suwdan rejeli peýdalanmak, ekologiýa we howanyň üýtgemegi ýaly ugurlar möhüm meseleleriň hatarynda görkezildi. Merkezi Aziýanyň ýurtlary Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça bilelikdäki uly işi alyp bardylar we ýokarda agzalan hem-de beýleki ugurlarda sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça zerur bolan çäreleri durmuşa geçirýärler. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň ähmiýeti bellenildi. Şolaryň netijeleri BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işi üçin möhüm ähmiýete eýe boldy.

Häzirki wagtda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi sebit döwletleriniň arasynda suw-energetika, ekologiýa we howa ulgamlarynda hyzmatdaşlyga goldaw bermegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň çäklerinde toplumlaýyn çäreleri amala aşyrýar. Merkez öz işiniň çäklerinde hyzmatdaş guramalar we düzümler: Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň ylmy-maglumat merkezi, ÝUNESKO we beýlekiler bilen iş gatnaşyklaryny ösdürýär.

Şunda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Merkezi Aziýa sebitinde hyzmatdaşlyga berýän möhüm ähmiýeti nygtaldy. Çykyşyň ahyrynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň özara gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylara jemleýji söz bilen ýüzlenip, şu gün netijeli pikir alyşmalaryň bolandygyny, özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge we häzirki döwrüň täze wehimlerine garşy çäreleri görmäge gönükdirilen ençeme anyk teklipleriň beýan edilendigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu gezekki duşuşyk biziň döwletlerimiziň parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, sebitde ynanyşmak, özara düşünişmek ýagdaýyny döretmek üçin tagallalary birleşdirmäge çalyşýandyklaryny we syýasy erk-islegini ýene-de bir gezek tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabat sammitiniň dostlukly ýurtlaryň üçüsiniň arasyndaky gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirip, hemmelere netijeli iş üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.

Sammit tamamlanandan soňra, üç ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan onuň netijeleri beýan edildi. Olar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Daşary işler ministrliginde geçirilen metbugat maslahatyna Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, ilki bilen, beren goldawlary hem-de şu günki ýokary derejedäki duşuşygy geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça bilelikde alnyp barlan işler üçin öz kärdeşlerine hoşallyk bildirdi. Öz gezeginde, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bildirilen myhmansöýerlik we üç doganlyk döwletiň Baştutanlarynyň sammitiniň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Çykyş edenler sammitiň jemleri barada aýtmak bilen, duşuşygyň gün tertibine üç ýurduň arasyndaky dostlugy we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga degişli meseleleriň giň toplumynyň girizilendigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki ýokary derejedäki gepleşiklere syýasy hyzmatdaşlygyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy ýaly formatynyň möhüm we netijeli bölegi hökmünde garalýandygy nygtaldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji ýubileý sammiti geçiriler. Bu çärä häzirden taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň umumy pikirine görä, ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşygyň netijeleri Duşenbe sammitiniň üstünlikli geçirilmegine möhüm goşant bolar.

Şunuň bilen birlikde, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri bilen bolan duşuşyklary, şeýle hem döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň täjik hem-de özbek Liderleri bilen geçiren ikitaraplaýyn gepleşikleri barada habar berildi.

Metbugat maslahatynyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini alamatlandyrýan şu günki sammitiň geçirilmeginiň onuň gün tertibine girizilen meseleleriň möhümdigi bilen şertlendirilendigi bellenildi. Ileri tutulýan ugurlaryň üçüsine, birinjiden, Amyderýanyň suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna, ikinjiden, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, bu pudakda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna, üçünjiden, ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, üstaşyr ulag ugurlarynyň giňeldilmegine aýratyn üns çekildi.

Çykyş edenler üç döwletiň Prezidentleriniň duşuşygynyň jemleýji böleginde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň resmi wekiliniň çykyş edendigine ýygnananlaryň ünsüni çekdiler. Ol sebitiň ýurtlarynyň BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümi bilen, şol sanda sammitiň gün tertibine girizilen meseleler boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýändiklerini belledi.

Habar berlişi ýaly, ýokary derejede geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. Bellenilişi ýaly, Aşgabat sammiti dostlukly ýurtlaryň strategik taýdan möhüm ugurlarda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini görkezdi.

Sammitiň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri Aşgabatdan ugradylar.

Şeýlelikde, paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen üçtaraplaýyn duşuşyk Bitarap Türkmenistanyň umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän özara bähbitli sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine jogapkärli çemeleşýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Aşgabat sammiti taraplaryň däp bolan döwletara gatnaşyklary ösdürmäge hil taýdan täze itergi bermäge we geljekde-de ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, munuň üçin ägirt uly kuwwatdan has netijeli peýdalanmaga taýýardyklaryny tassyklady.

https://www.tdh.gov.tm/tk/post/37099/turkmenistanyn-tajigistan-respublikasynyn-we-ozbegistan-respublikasynyn-prezidentlerinin-uctaraplayyn-sammiti