Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan, giň möçberli maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Watanymyzyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny hemmetaraplaýyn demokratiýalaşdyrmak, halkymyzyň abadançylyk derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bu maksatnamalaryňdyr taslamalaryň baş maksadydyr.
6-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere seredildi. Gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, bugdaýa ideg etmek hem-de gök-bakja ekinlerini ekmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegi babatda welaýat häkimlerine birnäçe anyk görkezmeler berildi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz ýazky bag ekmek möwsüminde oturdyljak saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň nahallaryny hem-de olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamagy tabşyrdy.
Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalaryň we binalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk işleriniň ýokary hilli, bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda tabşyryklar berildi.
7-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy. Mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ileri tutulýan meseleler hem girizildi.
Geçen hepde Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna beslendi. Mähriban zenanlarymyza parahatçylyk, şatlyk, abadançylyk baradaky arzuwlar hemme ýerde belentden ýaňlandy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow zenanlarymyzy gutlap, milli we döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde olaryň eýeleýän işjeň ornuny belledi. Döwlet Baştutanymyz: “Biz mähriban enelerimiziň ösüp gelýän nesillerimizde milli buýsanjy, ynsanperwerligiň belent nusgalaryny terbiýelemekde bitirýän hyzmatyna ýokary baha berýäris. Maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwer däplerimizi dowam etdirmek bilen, zenanlarymyzyň döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda giňden ýaýbaňlandyrýan özgertmelerimiziň durmuşa geçirilmegi ugrunda çekýän yhlasly we netijeli zähmetlerine çäksiz buýsanýarys” diýip nygtady.
Baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli zenanlaryna — edara-kärhanalaryň işgärlerine, hormatly dynç alyşdaky enelere, mekdep okuwçylaryna, çagalar baglarynda terbiýelenilýän gyzjagazlara döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren eneleri sylaglamak dabarasy boldy. Köp çagaly maşgalalaryň uly toparyna täze, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy.
Olaryň hemmesi Mukamlar köşgündäki baýramçylyk konsertiniň hormatly myhmanlary boldular. Bu ýere Watanymyzyň dürli künjeklerinden zenanlar ýygnandylar. Şolaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, zähmet weteranlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjylar, «Ýylyň zenany — 2023» we beýleki döredijilik, hünär bäsleşikleriniň ýeňijileri bar. Şeýle hem baýramçylyk konsertine Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara düzümleriň zenan işgärleri çagyryldy. Çykyşlarda zenanlaryň gözelligi, wepalylygy, asyllylygy wasp edildi.
8-nji martda Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda “Arkadag Serdarly bagtyýar zenanlar” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda köp çagaly eneler, zähmet weteranlary, önümçiligiň öňdebaryjylary we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, alymlar, medeniýet işgärleri, dürli pudaklaryň zähmetkeşleri bar. Şeýle hem dabara Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara düzümleriň zenan işgärleri gatnaşdylar.
Dabarada Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlary belent maksatlara ruhlandyrýan “Ýaşlara gutlag” atly täze aýdymy ýaňlandy. Ol ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlaryna bagyşlanan döredijilik sowgadydyr.
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri Diýarymyzyň ähli künjeklerinde geçirildi. Paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň konsert meýdançalarynda milli nusgawy saz eserleri, meşhur estrada we halk aýdymlary ýaňlanyp, olarda ene söýgüsi, mähriban topragymyz, ýaz pasly wasp edildi.
10-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk, bilim ulgamyny dolandyrmak bilen baglanyşykly kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, howpsuzlyk we hukuk goraýyş ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Döwlet etalon merkeziniň düzümlerine sanly ulgamyň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini we ugurlaryny artdyrmak maksady bilen, Balkan welaýatynyň çäginde kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyny gurmak mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy.
Mejlisiň dowamynda şu ýylyň 5 — 8-nji marty aralygynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde BMG tarapyndan geçirilen maslahata türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynyň jemleri barada hasabat berildi. Habar berlişi ýaly, plenar mejlisleriň dowamynda Türkmenistanyň içeri ykdysady syýasaty we döredijilikli daşary syýasy strategiýasy barada, şeýle-de halkara söwdasynyň we sebit hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça çykyşlar edildi. Foruma gatnaşyjylara ýurdumyz tarapyndan sebitde az derejede ösen ýurtlary goldamak boýunça alnyp barylýan işler, hususan-da, durmuş ähmiýetli desgalaryň gurlandygy, ulag ulgamyny ösdürmekde hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy, sebitde ygtybarly energiýa serişdeleri bilen üpjün etmek maksady bilen, üstaşyr gaz we elektrik geçirijileriň çekilýändigi, halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýlandygy barada gürrüň berildi.
Şeýle hem mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň Täjigistan Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berildi. Ýurdumyzyň wekiliýeti Duşenbede bolmagynyň çäklerinde Prezident Emomali Rahmon tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda köp ugurlary öz içine alýan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylda Täjigistana meýilleşdirilen döwlet saparyna hem-de onuň çäklerinde göz öňünde tutulan çärelere aýratyn üns berildi. Şeýle-de şu ýylyň sentýabrynda Duşenbede geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti bilen bagly meselelere deglip geçildi.
Mundan başga-da, Täjigistanyň paýtagtynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn geňeşmeleriň barşynda strategik häsiýete eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygyň giň meselelerine garaldy. Şeýle hem ýakyn wagtda geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada habar berildi.
15-nji martda Aşgabatda Türkmen-tatar işewürlik maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanyp, şu ýylyň 17 — 23-nji marty aralygynda serginiň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Onda birleşmäniň dürli ugurlarda iş alyp barýan 200-den gowrak agzasy öz önümlerini hem-de şu geçen döwürde gazanan üstünliklerini görkezerler.
20 — 22-nji mart aralygynda ýurdumyzda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat geçiriler. 26-27-nji aprelde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy geçirmek meýilleşdirilýär. Aşgabatda şu ýylyň maý aýynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň komiteti tarapyndan Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşygyň taraplarynyň wekilleriniň duşuşygy geçiriler.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň 18-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda Karara gol çekdi. Mundan başga-da, geçen hepdede hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygy bilen bagly Kararlara gol çekdi. Degişli Kararlara laýyklykda, buýrujylar bolan degişli edaralara, kärhanalara we guramalara Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek, olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada baglaşylan şertnamalar esasynda gurulýan binalary we desgalary ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.
Şeýle hem Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny 2023 — 2026-njy ýyllarda amala aşyrmak bellenildi. Ahal welaýatynyň häkimligine, Gurluşyk we binagärlik ministrligine Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň baş meýilnamasyny bir aý möhletde işläp düzmek tabşyryldy. Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti we Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň häkimligi bilelikde degişli binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleri boýunça bäsleşigi geçirmäge borçly edildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Sport-ulag merkezine geldi. Bu ýerde hormatly Arkadagymyz merkeze täze gelip gowşan sport ulagyny synagdan geçirdi. Täzeçil tehnologiýalar we häzirki zamanyň kämil enjamlary bilen üpjün edilen sport ulagynyň tizlik we oňaýlylyk babatda birnäçe artykmaçlyklary bar.
Türkmen türgenleriniň 2023-nji ýylyň 6 — 15-nji iýuly aralygynda “Ýüpek ýoly — 2023” atly Kazan — Moskwa ugry boýunça halkara awtorallisine gatnaşmagy meýilleşdirýändiklerini bellemek gerek. Hormatly Arkadagymyz merkeziň ygtyýaryna gelip gowşan täze sport ulagynyň ähli görkezijilerine ýokary baha berdi we türkmen türgenlerine öňde boljak jogapkärli hem-de abraýly halkara ýaryşlarda täze üstünlikleri arzuw etdi.
Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Çili Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rodrigo Enrike Arkos Kastrodan ynanç hatyny kabul etdi.
Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan we milli ykdysadyýetimiziň innowasion kuwwatynyň artdyrylmagyna, onuň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, häzirki zaman düzümleriniň döredilmegine, halkyň maddy hal-ýagdaýynyň, durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady maksatnamalaryna aýratyn üns çekildi. Şeýle hem diplomat amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler bilen baglylykda, türkmen parlamentiniň gurluşy we köptaraplaýyn işi bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmäge özara gyzyklanma bildirildi.
Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň oba hojalyk ministrleriniň duşuşygy boldy. Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşyga FAO-nyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu, FAO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Wladimir Rahmanin, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alnyp maslahatlaşmagyň dowamynda howanyň üýtgemeginiň, azyk ulgamynyň we durmuş-ykdysady şertleriň berk özara baglanyşygy bellenildi. Howanyň üýtgeýän şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň Durnukly ösüş maksatlarynda bellenen köp wezipeleri çözmek bilen baglanyşyklydygy nygtaldy. Bu işler köptaraply bolup, halkara hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny talap edýär. Şunda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmek, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak, anyk netijeleri gazanmak üçin her bir ýurduň tagallasy uly ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň degişli sebit düzüminiň arasynda sanly ýer kadastrynyň döredilmegine ýardam bermek hem-de guraklaşan we şorlaşan oba hojalyk meýdanlarynda tebigy serişdeleri dolandyrmak boýunça taslamalara degişli birnäçe resminamalara gol çekildi.
Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek işjeň dowam edýär. Onuň barşynda milli parlamentiň deputatlygyna, wekilçilikli ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärler, olaryň ynanylan wekilleri saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler.
Türkmenistanyň çakylygy boýunça gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary şu günler saýlaw möwsümine syn etmäge girişdi. Toparyň düzüminde Arkalaşyga agza ýurtlarynyň wekilleri — parlamentariler, görnükli jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, GDA agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Belarusuň we Russiýanyň parlament ýygnaklarynyň wekilleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärleri bar.
Toparyň ýaýradan maglumatynda saýlaw möwsüminiň ähli tapgyrlarynyň saýlaw kanunçylygyna doly laýyklykda geçýändigi tassyklanylýar.
11-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda bu ýerde alnyp barylýan işleriň depgini, hususan-da, täze binalaryň açylyş dabarasyna, köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegiň ýazky möwsümine görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.
Saparyň dowamynda ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli işlere, täze şäheriň ekologik abadançylygyny gorap saklamak we ony bagy-bossanlyga öwürmek meselesine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyz söwda we hyzmatlar edaralarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek, işe innowasion usullary ornaşdyrmak, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak boýunça wezipelere Arkadag şäheriniň alyjylar jemgyýetiniň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektoryna täze ýokary okuw mekdebiniň ähli düzümleriniň dolandyryş ulgamynyň — dekanatyň, kafedranyň, okuw bölüminiň guramaçylyk meselelerine toplumlaýyn çemeleşmek tabşyryldy.
Şeýle hem şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň seýilgäh zolagyny we beýleki ugurdaş desgalaryny synlady hem-de Ahal welaýatynyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärlikleriň şekil görnüşleri bilen tanyşdy, Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp gördi. Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň, hususan-da, awtomobil ýollarynyň, şäheriň awtomenziliniň hem-de demir ýol menziliniň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň bu ýerde geçiren iş maslahatynyň dowamynda täze şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyryndaky dürli maksatly binalaryň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna hemmetaraplaýyn esasda taýýarlyk görülmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda işläp, şähergurluşyk maksatnamasyny ýerine ýetirmekde tapawutlanan ýerli gurluşyk kompaniýalaryna Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň binalarynyň gurluşyklaryny ynanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleri amala aşyrmak we halk häkimiýeti ýörelgelerini berkarar etmek ýoly bilen ynamly öňe barýandygynyň, adamlar baradaky aladanyň bolsa döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
https://www.tdh.gov.tm/tk/post/35121/adamlar-baradaky-alada-turkmenistanyn-dowlet-syyasatynyn-wajyp-ugry