close-icon
Новости банка и статьи
photo
Türkmenistan ― GDA: bilelikdäki ösüşiň ak ýolunda
07.11.2019

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Aşgabatda geçirilen Geňeşi diňe bir geçen hepdäniň däl, Arkalaşygyň tutuş taryhy üçin hem möhüm wakasyna öwrüldi. Ilkinji bellenilmeli ajaýyp hakykat bolsa, özüniň halkara başlangyçlary bilen dünýä çykýan Türkmenistanyň uly jogapkärli işi ― GDA başlyklyk etmek ýaly wezipäni üstünlikli amala aşyranlygydyr.

Şu ýyl GDA-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň geçirýän bu mejlisine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Aşgabada geldi. Ermenistan Respublikasyna ýurduň Premýer-ministri Nikol Paşinýan wekilçilik etdi.

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň derejesindäki gepleşikler, 10-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiziň Watanymyza gelen daşary ýurtly myhmanlar bilen duşuşyklary halkara hyzmatdaşlygynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Şol gepleşikleriň esasy bölegini ykdysady gatnaşyklar tutýar. Şol sanda, bank-maliýe ulgamyndaky hyzmatdaşlyklaryň hem bilelikdäki ösüşi üpjün edýän güýje öwrüljekdigi barada ynam bilen aýtmak bolar.

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşinde Arkalaşyga agza döwletleriň Ýolbaşçylarynyň eden çykyşlary bilelikdäki hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. Olarda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiniň 75 ýyllygy bilen baglylykda, GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Arkalaşygy ýurtlarynyň halklaryna hem-de dünýä jemgyýetçiligine Ýüzlenmesi, GDA-nyň giňişliginde umumy bähbitlere laýyk gelýän özara netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, goşulyşmak işlerini giňeltmek, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin GDA-ny ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasyny taýýarlamak, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek, elektroenergetika ulgamynda, geljegi uly beýleki pudaklarda hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri amala aşyrmak, GDA-nyň Ýerine Ýetiriji sekretarynyň ygtyýarlyklaryny uzaltmak, Arkalaşygyň 2020-nji ýyl boýunça Başlyklygyny we indiki Geňeşiň geçiriljek ýerini kesgitmek ýaly meseleler öz beýanyny tapdy.

Şunda hormatly Prezidentimiziň çykyşyna aýratyn ähmiýet bermek isleýäris. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan 2019-njy ýylda GDA başlyklyk etmegi kabul edip, GDA-nyň mümkinçiliginiň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermegi, döwrüň aýdyň talaplaryna laýyklykda, Arkalaşygyň işini täze mazmun bilen baýlaşdyrmagy özüniň esasy wezipesi hökmünde kesgitledi.

Milli Liderimiz ykdysady hyzmatdaşlygyň GDA döwletleriniň gatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýandygny aýdyp, Türkmenistanyň Arkalaşygyň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge täze depgin bermegiň tarapdary bolup çykyş edýändigini nygtady. Şu maksat bilen 2017-nji ýylyň oktýabrynda GDA-nyň Soçide bolan maslahatynda türkmen tarapy Arkalaşygyň

döwletleriniň bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ýörelgelerini we ugurlaryny kesgitleýän köptaraplaýyn resminamany taýýarlamak hem-de kabul etmek baradaky başlangyjy öňe sürdi.

Sammitde seredilen guramaçylyk meseleleri hem ähmiýetlidir. Agza döwletleriň Baştutanlarynyň gelen netijesi bilen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedewiň işiniň möhleti nobatdaky üç ýyllyk döwre uzaldyldy.

Geňeşde döwlet Baştutanymyz GDA-nyň ähli döwletlerinde 2020-nji ýylyň 9-njy maýynda Ýeňiş ýadygärliklerine gül goýmak dabaralaryny geçirmegi hem-de bu şanly senä bagyşlanan baýramçylyk salýutlaryny guramagy teklip etdi. 2020-nji ýylda Arkalaşyga başlyklyk etmek Özbegistana ynanyldy. GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky Geňeşi 2020-nji ýylda Daşkentde geçiriler. Sergeý Lebedewe Türkmenistanyň döwlet sylagynyň – “Bitaraplyk” ordeniniň gowşurylmagy, GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň (YHDG) müdiriýetiniň çözgüdi bilen hormatly Prezidentimiziň “Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin” medaly bilen sylaglamagy ýaly wakalar hem bu Geňeşiň dostluk, agzybirlik taýdan ähmiýetini artdyrdy.

Türkmenistanyň “Halkbank” DTB-nyň

Maliýe ykdysady seljeriş we usulyýet

müdirliginiň Usulyýet bölüminiň

baş hünärmeni Bezirgen Şihgulyýew