Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

04.01.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan--parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän täze, 2021-nji ýylda ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny gecirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar.

Gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de şu ýylyň şygarynyň hormatyna guralmagy göz öňünde tutulýan çäreleriň maksatnamasy baradaky meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny açyp, ilki bilen sanly wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi çagyrdy.

Häkim ýurdumyzyň baş şäherinde işleriň ýagdaýy, onuň düzümini has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Häkim häzirki gyş günleri ýyladyş ulgamynyň ygtybarly işlemegini üpjün etmek boýunça degişli gulluklaryň alyp barýan işleri, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň baş şäherinde ulanylmaga tabşyrylmagy göz öňünde tutulýan desgalardaky işleriň depgini barada döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda ýaşaýyş jaýlaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň talabalaýyk ýyladylyşy, ilatyň elektrik energiýasy bilen üpjün edilişi bilen gyzyklandy we şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara desgalaryň ýyladylyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda şanly sene mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň ýokary hil derejesinde we öz wagtynda işe girizilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny nygtap, bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz şol birwagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer ulag-aragatnaşyk toplumynda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şanly ýylda göz öňünde tutulan işleriň, şol sanda ulag-aragatnaşyk ulgamy bilen baglanyşykly sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy baradaky meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow çagyryldy. Häkim şu günler welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleri, hususan-da, ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ekiş möwsümini üstünlikli geçirmek hem-de mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça görülýän çäreler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemegini üpjün etmegi, etraplaryň, şäherleriň we şäherçeleriň ilatynyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda bellenilen möhletlerinde we talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek barada hem welaýatyň häkimine degişli görkezmeler berildi.

Şeýle hem milli Liderimiz dürli oba hojalyk ekinleriň hasylynyň düýbüni tutmak babatda tabşyryklary berdi. Gowaça ekişinde ulanyljak ähli oba hojalyk tehnikalary we gurallary abatlanyp, möwsüme doly taýýarlanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda 2021-nji ýylda meýilleşdirilýän işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýerler Ş.Durdylyýewe hem-de B.Öwezowa birnäçe degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitiniň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler, ýerleri we tehnikalary ekişe taýýarlamak, şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýetini belläp, oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin welaýatda bar bolan kuwwaty doly ulanmagyň möhümdigini aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemegini üpjün etmegi, etraplarda, şäherlerde we şäherçelerde elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň we agyz suwunyň bökdençsiz üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda mekdeplerde dowam edýän gyşky dynç alyş günlerini nazara almak bilen, olarda arassaçylyk işlerini geçirmegiň möhümdigini aýtdy.

Milli Liderimiz bugdaý ekilen meýdanlara ideg edilende agrotehnikanyň kadalaryny üýtgewsiz berjaý etmegiň möhümdigini belledi. Munuň özi bereketli hasylyň girewi bolup durýar.

Geljek ýylyň oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň düýbüni tutmak, hususan-da, gowaça ekişinde ulanyljak ähli oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny degişli derejede saklamakt barada görkezme berildi.

Hormatly Prezidentimiz 2019-2025-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýylda meýilleşdirilýän işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary B.Öwezowa hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýerler B.Öwezowa we Ş.Durdylyýewe ýüzlenip, sebitde Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga beriljek desgalardaky işleriň barşyna gözegçilik etmek barada görkezme berdi. “Türkmenistan--parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda şu ýyl geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça aýratyn görkezmeler berildi.

Soňra iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitde işleriň ýagdaýy, agrotehniki kadalara laýyklykda, ekerançylyk meýdanlarynda durmuşa geçirilýän çäreler, tehnikalary ýaz ekişi möwsümine taýýarlamak hem-de mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň bagtly we abadan durmuşyny üpjün etmegiň ileri tutulýan döwlet wezipesi bolup durýandygyny belläp, bu ugurda işleriň yzygiderli alnyp barylmalydygyny aýtdy.

Milli Liderimiz welaýatda durmuş we önümçilik maksatly ähli desgalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemegini üpjün etmek, şonuň ýaly-da, elektrik energiýa, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegini gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi.

Häzir mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsümi dowam edýär, şonuň üçin şu günler welaýatyň mekdeplerinde arassaçylyk işlerini geçirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häkime möwsümleýin meýdan işlerini geçirmek babatda hem anyk tabşyryklary berdi. Şol işler welaýatyň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, zerur ähli agrotehniki kadalaryň takyk berjaý edilmegi hem-de daýhanlaryň ýerleri dürli ekinler üçin öz wagtynda taýýarlamakda toplan baý tejribesini we tehnikalary işjeň ulanmak bilen alnyp barylmalydyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli görülýän çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda kesgittlenen wezipeleriň welaýatda ýerine ýetirilmegini tabşyrdy.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine bygyşlanyp geçiriljek giňişleýin mejlisine degişli derejede taýýarlyk görmek barada görkezme berildi.

Sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilýän iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi,
ol welaýatda geçirilýän işler, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemegini üpjün etmegi, şeýle hem etraplarda, şäherlerde we şäherçelerde elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň we agyz suwunyň bökdençsiz üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Gyşky dynç alyş möwsüminde welaýatdaky ähli mekdeplerde arassaçylyk işlerini geçirmek möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz ýer-suw serişdelerini netijeli ulanmagyň, ekerançylygy ösdürmek hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, öňdebaryjy ylmy usullary peýdalanmagyň möhümdigini aýdyp, bu ugurda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ekin meýdanlarynyň ýagdaýyny hemişe gözegçilikde saklamagy talap edip, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy
2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de Oba Milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek giňişleýin mejlisine gowy taýýarlyk görmegi belledi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işler, hususan-da, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda bugdaýa agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg etmek, ýerleri hem-de ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny taýýarlamak boýunça işleriň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gadam goýan Täze ýylymyzda hem halkymyzyň bagtyýar we bolelin durmuşyny üpjün etmegiň möhüm döwlet wezipesi bolup durýandygyny belläp, ilatyň durmuş üpjünçilik meseleleriniň welaýatyň häkiminiň hemişe üns merkezinde bolmalydygyny aýtdy.

Häkime welaýatda dürli maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemegini üpjün etmek, şonuň ýaly-da, elektrik energiýa, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegini gözegçilikde saklamak barada görkezme berildi. Şeýle hem mekdeplerde arassaçylyk işlerini geçirmek möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigi barada aýdyp, oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdirilende, toprak-howa aýratynlyklara, milli ekerançylyk däpleriniň ösdürilmegine aýratyn üns bermelidigini nygtady. Olary häzirki zamanyň ylmynyň gazananlary bilen sazlaşykly utgaşdyrmak gerek diýip, häkime degişli görkezmeleri berdi.

Ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllar üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, obasenagat toplumynda özgertmeleri işjeňleşdirmek, welaýatda 2021-nji ýylda meýilleşdirilýän işleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek zerur bolup durýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler Ş.Durdylyýewe hem-de B.Öwezowa ýüzlenip, halkara ähmiýetli taslamalaryň, şol sanda goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmegini üpjün etmäge gönükdirilen, şonuň bilen birlikde-de, bu ýurda Türkmenistandan ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasynyň iberilişiniň möçberini köpeltmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Ymamnazar-Akina halkara, Serhetabat-Turgundy ugurlary boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny hem-de üstaşyr ulgamlary gurmak boýunça işler üstünlikli dowam edýär. Şol işler Owganystanyň aragatnaşyk kompaniýasy bilen bilelikde halkara optika-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ýene-de birini çekmäge hem-de olaryň halkalaýyn ulgam boýunça işini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Has takygy, Hyrat-Akina ulgamy bilen birleşdirmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi Owganystanyň üsti bilen Pakistanyň, Hindistanyň we beýleki ýurtlaryň aragatnaşyk ulgamlaryna çykmaga, kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ýurdumyzyň içeri we daşary maglumat çäklerni giňeltmäge mümkinçilik berer.

Munuň üçin Mary-Serhetabat ulgamynda degişli kommunikasiýa enjamlary oturdyldy, Ymamnazar-Akina, Serhetabat-Turgundy halkara optika süýümli ulgamlar ulanmaga taýýar edildi. Şeýle hem Akina-Andhoý demir ýolunyň ugrunda suw geçirijileriň 33-si göz öňünde tutulyp, olaryň 26-synda gurluşyk işleri tamamlandy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa hem-de wise-premýerler M.Meredowa, B.Öwezowa we Ş.Durdylyýewa ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz ýurdumyzyň beýleki döwletler, şol sanda goňşy döwletler bilen gatnaşyklaryny giňeldendigini we berkidendigini aýdyp, bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi. Milli Liderimiz beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylýan halkara taslamalarynyň möhümdigini we geljeginiň uludygyny aýratyn nygtady.

Hususan-da, Owganystan Yslam Respublikasyna degişli ugurlarda ulanylmaga tabyşyrylmagy göz öňünde tutulýan desgalar, şol sanda Lebap welaýatynda “Malaý” gaz ýatagyndaky gaz gysyjy desga, Akina-Andhoý demir ýol şahasy, Ymamnazar-Akina halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, Kerki elektrik bekedinden türkmen-owgan serhedine çenli elektrik geçirijisi, Mary welaýatynda Serhetabat-Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy mysal getirildi.

Milli Liderimiz bu desgalaryň ulanylmaga berilmeginiň Türkmenistanyň goňşy döwlet bilen halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, owgan halkynyň hem-de sebitiň ýurtlarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen birlikde, ýurdumyzy 2030-njy ýyla çenli senagatlaşdyrmak baradaky döwlet maksatnamasynyň yzygiderli ýerine ýetirilmeginde-de, möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Bitarap Türkmenistan saýlap alan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugruna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, täze, döwrüň talap edýän maksatlaryny işläp çykaryjynyň ornunda has işjeň çykyş edýär, hyzmatdaş ýurtlar, şol sanda Hytaý Halk Respublikasy bilen baglaşylan şertnamalaýyn borçnamalara ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.

Iş maslahatynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredowa Owganystan Yslam Respublikasyna iş sapary bilen bagly görkezmeleri berip, owgan kärdeşleri bilen Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleri taýýarlamak we geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýakyn wagtda meýilleşdirilen halkara ähmiýetli çäreleriň örän möhümdigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalaryň hatarynda ilkinjiler bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Bas Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen “2021-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler Ş.Durdylyýewe, B.Öwezowa we M.Meredowa bu desgalaryň ulanylmaga tabşyrylmagy mynasybetli dabaralary geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada degişli görkezmeleri berdi. Bu desgalar sebit boýunça goňşy döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmegiň mynasyp nusgasyna öwrüler.

Olar bilen ýurdumyzy diňe çäk taýdan ýakynlyk, çuňňur kökler, medeni umumylyk we däp-dessurlar däl-de, eýsem, özara ykdysady bähbitler, “Türkmenistan--parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylymyzda täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga taýýarlyk baglanyşdyrýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şol wezipeleri abraý bilen berjaý etmegiň her bir türkmenistanly üçin mukaddes borç bolup durýandygyny aýdyp, şunda tagallalary gaýgyrman, işlemegiň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşanlara täze, 2021-nji ýylda --“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, mähriban halkymyzyň bagtly we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article25675&cat19