Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Katar Döwletiniň Emiriniň arasynda telefon söhbetdeşligi

18.11.2020

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Tamim Bin Hamad Al-Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki döwletiň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, ikiçäk söhbetdeşlikde ilkibaşdan özara hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýlan däp bolan dostlukly türkmen-katar gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Kataryň Emiri iki tarapyň hoşniýetli erk-islegleri netijesinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp, ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň hem netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, dürli pudaklarda ýakyn işewür gatnaşyklaryň höweslendirilmegine gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.

Bar bolan uly mümkinçiliklerden ugur alnyp, nebitgaz toplumy, ulag-kommunikasiýa ulgamy, himiýa we dokma senagaty, söwda we maýa goýumy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezildi, bu ulgamlarda uzakmöhletli hyzmatdaşlyk we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikler bar.

Şunuň bilen birlikde, taryhy kökleriň we iki halkyň medeni-ruhy gymmatlyklarynyň umumylygyna daýanýan medeni-ynsanperwer ulgamda däp bolan hyzmatdaşlygyň türkmen-katar gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidigi bolup durýandygy bellenildi.

Taraplar sebit we ählumumy ähmiýetli möhüm meseleler boýunça pikir alşyp, Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň iri halkara guramalarynyň çäklerinde köpýyllyk hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nygtadylar. Biziň ýurtlarymyz öňe sürülýän oňyn teklipleri we başlangyçlary özara goldaýandyklaryny görkezýärler.

Söhbetdeşligiň dowamynda dünýäde dowam edýän hem-de adamzat üçin çynlakaý wehime öwrülen koronawirus pandemiýasy meselesine deglip geçildi. Şunda dünýä bileleşiginiň bu howply ýokanjyň ýaýramagyna garşy göreşde tagallalarynyň mundan beýläk-de jebisleşdirilmeginiň zerurdygyna ynam bildirildi.

Türkmen Lideri dostlukly döwletiň Baştutanyny özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Katar Döwletiniň Emiri Tamim Bin Hamad Al-Tani taraplaryň ähli ugurlar boýunça umumy abadançylygyň bähbidine netijeli döwletara gatnaşyklaryny işjeň ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini ýene bir gezek tassyklap, birek-birege berk jan saglyk we üstünlik, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Telefon söhbetdeşligi katar tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article25100&cat19