Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2018-2024-nji ýyllar üçin Maksatnamasy

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan-Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda” Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2018-2024-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” ýurdumyzyň bu ulgamlarynda täze sepgitlere ýetmeklik bellenilendir. Bu Maksatnamanyň “Türkmenistan-Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip atlandyrylan ýylda kabul edilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň öňünde goýýan strategik wezipelerini ýerine ýetirmekde bank ulgamy möhüm orny eýeleýär. Milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda diwersifikasiýalaşdyrylan, bäsdeşlige ukyply, innowasion ösüşini üpjün etmek üçin maliýe we bank ulgamlarynyň durnukly bolmagyny gazanmak wajyp bolup durýar.

Maksatnamanyň durmuşa geçirilýän döwründe ýurdumyzyň karz edaralarynyň goýum syýasatyna laýyklykda, ilatyň erkin duran pul serişdelerini banklara çekmek arkaly goýum hasaplaryndaky serişdeleriň möçberini artdyrmak, goýumlar boýunça tölenýän göterimleri maliýe bazarynda hereket edýän nyrhlara laýyklykda bellemek, müşderileriň isleglerini öwrenmek arkaly goýumlaryň täze görnüşlerini ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barlar. Şeýle hem, bu döwürde bank kartlarynyň üsti bilen geçirilýän nagt däl tölegleriň gerimini mundan beýläk hem giňeltmek we bank kartlary arkaly hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdiriler. Esasan hem bank karzlaryny gaýtarmak, aragatnaşyk hyzmatlary üçin töleglerini, dürli salgytlary we ýygymlary, döwlet ätýaçlandyryş töleglerini we beýleki tölegleri geçirmek mümkinçiligi ýola goýlar hem-de ýurdumyzyň elektron tölegler ulgamynda elektron resminamalary alyşmagyň we olara gözegçilik etmegiň tertibi kämilleşdiriler we Türkmenistanyň elektron tölegler ulgamynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça degişli işler geçiriler.

2018-2024-nji ýyllarda döwletimizde alnyp barylýan pul-karz we maliýe syýasatynyň çäklerinde milli pulumyzyň hümmetiniň durnukly saklanmagyny gazanmak, ýurduň ykdysadyýetini ýeterlik derejede pul serişdeleri bilen üpjün etmek we onuň esasynda pul toplumyny kadalaşdyrmak we gözegçilikde saklamak boýunça degişli işler dowam etdiriler hem-de ýurdumyzyň bank ulgamynyň durnukly ösüşini amala aşyrmakda Türkmenistanyň karz edaralary tarapyndan alnyp barylýan işleriň netijeliligini yzygiderli artdyrylar, umumy dolandyryş işleriniň hilini ýokarlandyrmak arkaly hödürlenýän bank hyzmatlarynyň bäsdeşligi güýçlendiriler. Mundan başga-da bu döwürde Türkmenistanyň karz edaralaryna tejribeli işgärleri işe almak, bank ulgamynyň işgärleriniň arasynda hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça degişli okuwlary gurnamak hem-de daşary ýurt maliýe guramalary tarapyndan geçirilýän okuw maslahatlaryna bankyň hünärmenleriniň gatnaşmagyny üpjün etmek babatynda hem degişli işleriň geçirilmegi dowam etdiriler.

Halkymyzyň eşretli hem abadan durmuşda ýaşaýan we halal zähmet çekip, yhlasynyň rehnedini görýän döwründe, berkarar Diýarymyzy ähli ugurlar boýunça uly ösüşlere besleýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, beýik işleri rowaç alsyn!

Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky