Howpsuzlyk düzgünleri

Hormatly “Altyn Asyr ” bank kartlarynyň saklaýjylary!

Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky, Siziň pul serişdeleriňiziň ygtybarlygyny we goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen, şu aşakdaky düzgünleri hökmany berjaý etmekligi Size ýatladýar:

  • Öz bank kartyňyzy ulanmaga hiç bir tarapa, hiç bir şertlerde bermeli däl.
  • PIN-kod barada maglumat gizlin bolup, ol üçünji taraplara aýan edilmeli däl.
  • PIN-kody kartyň ýüzüne ýazmak, şeýle-de kart bilen bilelikde saklamak gadagan.
  • Başga biriniň kartyny ulanmak gadagan.

 

Şu düzgünleriň doly berjaý edilmegi kart hasabyndaky pul serişdeleriniň goraglylygyny üpjün eder.

Bank kartyňyz bilen bagly soraglar ýüze çykan ýagdaýynda, hyzmat edýän bankyňyza ýüz tutmak maslahat berilýär.

Biziň salgymyz: Aşgabat ş., Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 154 jaý.

 

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 44-48-37, 44-49-27