Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna ugrady

30.04.2018

2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Hormatly ýaşulular duz-çörek hödür etdiler. Din işgärleri Watanymyzyň gülläp ösmegini we mähriban halkymyzyň abadançylygyny dileg edip, doga okadylar.

Ýaşulular türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýyny hem-de durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky ýadawsyz aladalary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk we mähriban Watanymyzyň bähbidine alyp barýan örän uly işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdiler. Ýaşulular şeýle hem milli Liderimizi Türkmenbaşy şäherinde ägirt uly täze gurluşyk bolan Halkara deňiz portunyň öňde boljak açylyşy bilen gutlap, bu taryhy wakanyň Watanymyzyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazyljakdygyny bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň häzirki wagtda diňe bir ýurdumyzyň içinde däl, eýsem, dünýäde iri möçberli taslamalary durmuşa geçirýändigini belledi. Biz “Açyk gapylar” syýasatyny alyp baryp, türkmen milletine mahsus bolan hem-de ata-babalarymyzyň bize goňşular bilen hoşniýetli gatnaşyklary saklamagy wesýet eden parasatly ýörelgelerinden ugur alýarys. Şu ýylyň şygaryny biz “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip yglan etdik. Biz ulag-üstaşyr ýörelgelerini kemala getirmek üçin ýurdumyzda uly işleri geçirdik — howa menzillerini gurduk, awtomobil ýollaryny we demir ýollary çekýäris. Ol ýollar diňe bir ýurdumyzyň içine däl, eýsem, beýleki doganlyk ýurtlara hem çekildi. Bu bolsa geljekde öz oňyn täsirini ýetirer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bu ýerde, Balkan welaýatynda, biz Hazaryň kenarynda halkara ölçeglerine kybap gelýän deňiz portuny gurduk diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de Hazary parahatçylygyň we abadançylygyň deňzi diýip atlandyrýarys diýip nygtady. Bu dogrudan hem şeýledir diýip, milli Liderimiz aýtdy, çünki bu deňiz porty diňe biziň ýurdumyzyň däl, eýsem, beýleki döwletleriň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna hem täsir eder.

Biz ýurdumyzda ýangyç-energetika toplumyny giň möçberde diwersifikasiýalaşdyrmaga girişdik, ähli welaýatlarda maksatnamalary durmuşa geçirýäris. Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, bu ýerde medeni ähmiýetli desgalaryň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, hassahanalaryň köpsanlysy gurlar, şu ýyl bolsa Awazada-da täze şypahana ulanmaga berler.

Elbetde, bularyň hemmesi bizi has-da guwandyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy, ýöne öňde bitirilmeli zerur işler has-da köp. Ýurdumyzy ösdürmäge degişli möhüm meseleleri biz siziň bilen Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmeginiň öň ýanynda geçirjek Halk maslahatymyzda ara alyp maslahatlaşarys.

“Döwlet adam üçindir!” diýen şygar astynda amala aşyrylýan iri möçberli maksatnamalarymyzyň ählisi mähriban halkymyzyň abadançylygyna we gülläp ösmegine gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de aksakallara jemgyýetde agzybirligiň we jebisligiň pugtalandyrylmagyna, aýratyn-da, ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek işine goşýan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra milli Liderimizi şadyýan çagalar joşgunly goşgulary we aýdymlary bilen mübäreklediler.

Şeýle hem şu ýerde döredijilik toparlaryň çykyşlary boldy. Olar ajaýyp aýdym-sazly kompozisiýany ýerine ýetirdiler, ol küştdepdi tansyna utgaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow joşgunly sungaty üçin artistlere minnetdarlyk bildirip, Hazar deňziniň kenaryndaky kabulhanasyna tarap ugrady.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi