-->
Bank – Hemişe eliňiziň aýasynda!
Müşderiniň bankymyzdan alan karz pul serişdeleri “Karz kartyna geçirilýär . Müşderi “Karz karty” bank karty üsti bilen ähli nagt däl hasaplaşyk töleglerini amala aşyrýar.
Müşderiniň kart goýum hasabyna nagt pul serişdeleri möhletsiz banka kabul edilýär. Kart goýumuň göterim derejesi ýyllyk 6,8% möçberinde kesgitlenip, kart goýumyna goşmaça möçberde nagt pul serişdesini kabul edilmegi göz öňünde tutulan. Goýumdan bölekleýin pul serişdeleri, şeýle hem her aýdaky hasaplanylýan göterimleri almaga rugsat berilýär. Müşderi “Goýum bank karty” bank karty üsti bilen ähli nagt däl hasaplaşyk töleglerini amala aşyrýar, şeýle-de bankomatlardan nagt görnüşinde pul serişdelerini alyp bilýär. Islendik wagty Müşderi arzasy esasynda goýum hasabyndaky pul serişdelerini nagt gornüşinde alyp bilýär.
Müşderiniň bankymyzdan alan karz pul serişdeleri “Karz kartyna geçirilýär . Müşderi “Karz karty” bank karty üsti bilen ähli nagt däl hasaplaşyk töleglerini amala aşyrýar.
Müşderiniň maşgala agzalaryna niýetlenip müşderiniň Altyr Asyr bank karty bolan aýlyk kartyna birikdirilýär. Müşderiniň “Maşgala” bank kartyň hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini öz başdak kesgitläp bilýär. Müşderi “Maşgala” bank karty üsti bilen ähli nagt däl hasaplaşyk töleglerini amala aşyrýar, şeýle-de bankomatlardan nagt görnüşinde pul serişdelerini alyp bilýär.
Ýurdumyzyň telekeçileri üçin niyetlenen bank karty.