Bank täzelikleri we makalalar

Ygtybarlylyk we howpsuzlyk ― esasy şertler

03.09.2021

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň banklarynyň işiniň sanly ulgama geçirilmegi olaryň müşderilerine hem ýeňillikleriň uly toplumyny hödürleýär. Sanly hyzmatlaryň ilkinjileriniň biri hem bank kartlaryň işjeň ulanylyp başlanmagydyr.

Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan müşderileriň bank kartlary bilen üpjün edilip başlananyna eýýäm ençeme ýyl boldy. Geçen ýyllaryň içinde bu kartlaryň nagt däl hasaplaşykdaky mümkinçilikleri hem barha artýar. Pul serişdelerini şeýle görnüşde saklamagyň has amatly we has ygtybarlydygy öz-özünden düşnüklidir. Şeýle-de bolsa bank kartlaryny ulanmagyň hem öz howpsuzlyk düzgünleri bar.

Bu barada Türkmenistanyň «Karz edaralary we bank işi hakynda» Kanunynyň 22-nji maddasynyň ikinji böleginde hem nygtalýar. Bank kartlarynyň howpsuzlyk düzgünlerine eýermek olaryň rekwizitleriniň, PIN-kodunyň we beýleki maglumatlarynyň howpsuzlygyny üpjün eder.

Ilkinji nobatda kartyň PIN-kodunyň ulanyjynyň özi tarapyndan gizlin saklanmagy möhüm şertdir. Ony hiç kime ― hat-da iň ýakyn adamlaryňyza-da aýtmazlyk iň dogry ýoldur. Bu kody, mümkin boldugyndan, hiç ýere ýazman, ýatda saklamak gerek. Eger bir ýere ýazylaýan hem bolsa, bu belligi diňe özüňize mälim bolan ýerde saklamaly.

Karty wagtlaýyn ulanmak üçin hem hiç kime bermeli däl. Ony diňe daşynda ady, familiýasy ýazylan adam ulanyp biler. Karty özüňiz ulanan ýagdaýyňyzda hem, karty saklaýjylar bank kartlaryň magnit zolaklaryny we maglumat saklaýan çiplerini goramak maksady bilen, olary elektromagnit tolkunlaryň, ýokary temperaturanyň täsirinden we çyglylykdan hem goramaly. Onuň ykjam telefonlaryndan, hojalyk we ofis enjamlaryndan hem uzak tutulmagy maslahat berilýär.

Kartyň arka tarapynda ýerleşdirilen bankyň telefon belgilerini, kartyň belgisini we beýleki maglumatlary mobil telefonyňyza ýa-da ýandepderçäňize ýazyp, goşmaça saklamak hem ygtybarly bolar. Ýöne, bu ýazgylara PIN-koduň goşulmaly däldigini ýene bir ýola ýatladýarys. Bank tarapyndan hödürlenilýän SMS hyzmatyndan peýdalanmak hem kartyň ygtybarly peýdalanyşy üçin ähmiýetli bolar.

Eger PIN-koduňyz ýa-da kartyň başga bir maglumaty sizden gaýry adama mälim bolandyr öýdeniňizde, dessine size hyzmat edýän bankyňyza jaň etmek arkaly onuň hyzmat ediş mümkinçiliklerini ýatyryp bilersiňiz. Eger bu ýagdaý barada wagtynda habar berilmedik bolsa, onda onuň ýitirilen döwründäki bankomatdan nagt pul serişdeleriň alynmagyna we nagt däl hasaplaşyklaryň geçirilmegine, şeýlelikde pul serişdeleriň ýitirilmegine, karty saklaýjynyň özi jogapkärçilik çekýär.

Bank karty bilen bankomatdan nagt pul serişdeleri alnanda hem howpsuzlygyň berjaý edilmeli kadalary bar. Olar bankomatyň howpsuzlyk ýagdaýlaryny seljermek, bankomatdan has amatly wagtda peýdalanmak, onuň saz işleýändigini anyklamak, bankomatdan peýdalanylýan wagtynda fiziki güýç ulanmazlyk, eger enjam karty ýeňil kabul etmeýän bolsa, ondan peýdalanmazlyk, PIN-kodunyň ýazylýan klawiaturasyny gaýry adamlaryň görmezligini üpjün etmek, bankomat hyzmaty amala aşyrýan wagty säginme bolup köp garaşdyraýan ýagdaýlarynda hyzmaty ýörite düwme arkaly ýatyrmak ýaly kadalardyr.

Diňe nagt pul serişdesi çekilende däl, eýsem bank kartlarynyň howpsuz ulanylyşy dogrusynda nagt däl hasaplaşyklaryň geçirilýän wagtynda hem aladanmak gerek. Munuň ilkinji şerti bolsa, tölegi diňe karty saklaýjynyň özüniň geçirmegidir. Şonuň üçin satyjy ýa-da kassa işgäri pasportyňyzy, çek kagyzyna gol çekmegiňizi ýa-da PIN-kody özüňiziň girizmegiňizi haýyş edip biler. Şunda çege gol çekmezden ozal onda görkezilen mukdary ýene bir ýola barlamaklyk zerurdyr.

Eger internet arkaly nagt däl hasaplaşyk geçirýän bolsaňyz, onda CVC koduňyzdan peýdalanmaly. Bu kod, adatça, kartyň arka tarapynda ýerleşdirilen soňky üç sany sifrden ybarat. Kartyňyzda CVC kod çap edilmedik ýagdaýynda, ony islendik bankomat arkaly bilip bolýar. Tölegleriň howpsuz geçirilmegi üçin hyzmatyň bu görnüşinden peýdalanyňyzda, garşy tarapa bank kartyňyz baradaky maglumatlary bermekden saklanmaly we diňe ygtybarly internet sahypalaryndan peýdalanmaga çalyşmaly. Şahsy maglumatlaryňyzyň gizlinligini ýa-da bank kartyňyzyň (ýa-da hasabyňyzyň) maglumatlaryny gorap saklamak maksady bilen internet arkaly ediljek söwdalaryňyzy diňe öz kompýuteriňizde ýerine ýetirmek maslahat berilýär. Eger-de söwda başga biriniň kompýuterini ulanmak arkaly ýerine ýetirilýän bolsa, onda ähli amallary ýerine ýetireniňizden soň şahsy maglumatlaryňyzyň we başga wajyp maglumatlaryňyzyň kompýuteriň ýadynda saklanylmandygyna üns beriň!

Ýokarda-da nygtaýşymyz ýaly, ýurdumyzyň täjirçilik banklary tarapyndan hödürlenilýän sanly hyzmatlaryň gerimi barha giňeýär. Olar size wagt we serişde tygşytlamaga ýardam berýär. Bank kartlary arkaly hödürlenýän hyzmatlardan akylly-başly peýdalanyp, olaryň hözirini görmek her birimiz üçin ýakymly mümkinçilikdir.

Döwrebap mümkinçilikleriň gurşawynda ýaşamaga, işlemäge döredip berýän ähli şertleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň il-günüň bähbidine gönükdirilen işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!




Agageldi Saparow,

Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar

täjirçilik bankynyň Lebap şahamçasynyň

Bank kart ulgamlar bölüminiň başlygy