VISA - halkara bank kartlary

Ýurdumyzyñ ähli banklary bank kartlarynyñ üsti bilen dürli görnüşli amallary ýerine ýetirmek üçin Siziñ hyzmatyñyzdadyr. 

Visa halkara kartlary ulanmak örän amatlydyr we ol Siziñ durmuşyñyzy has ýeñilleşdirer:

  • ýurdumyzdaky we daşary ýurtlardaky visa bankomatlaryndan islendik wagtda puluñyzy nagt alyp bilersiñiz;
  • islendik wagtda internetiñ üsti bilen dürli görnüşli tölegleri geçirip, hasaplaşyklary amala aşyryp bilersiñiz;
  • daşary ýurtlara telekeçilik, okuw we syýahatcçlyk maksatlary bilen gideniňizde nagt puluňyzy ýanyňyzda götermek zerurlygy aradan aýrylar;
  • dünýä döwletleriniñ söwda merkezlerinde we dükanlarynda satyn alan harytlaryñyz iiçin tölegi amala aşyryp bilersiñiz;
  • dünýäniñ birnäçe söwda nokatlarynda, myhmanhanalarda, restoranlarda we howa meňzillerinde Visa kartyñyz arkaly ýeñilliklerden peýdalanyp bilersiñiz;
  • milli we daşary ýurt awiakompaniýalaryndan petek üçin tölegi Visa kartlary arkaly amaly aşyryp bilersiñiz;
  • milli we daşary ýurt myhmanhanalarynda öñünden ýer bellemek we töleg etmek hyzmatyndan peýdalanyp bilersiñiz;
  • islegiñize görä dünýäniñ dürli künjeklerine pul geçirimleri amala aşyryp bilersiñiz;
  • puluñyzyñ howpsuzlygy üpjün ediler wehemişe bankyñ goragynda bolar;
  • ýurdumyzdaky, şeýle hem daşary ýurtlardaky Visa bankomatlarynda Visa kartlarynyñ üsti bilen milli puluñyzy daşary ýurt walýutasyna çalşyp alyp bilersiñiz;
  • internet arkaly söwda edip, harytlary satyn alyp bilersiñiz.

Visa halkara bank kartlaryny edinmek üçin ýurdumyzyñ ähli banklaryna ýüz tutup bilersiñiz.

VISA - tarifleri