Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti «Türk­me­nis­tan — ABŞ» işe­wür ge­ňe­şi­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry­ny ka­bul et­di

06.06.2018

2018-nji ýylyň 6-njy iýunynda hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türk­me­nis­tan — ABŞ» işe­wür ge­ňe­şi­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Erik Stýuar­ty ka­bul et­di.

Myh­man du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň saz­la­şyk­ly yk­dy­sa­dy ösü­şe we ägirt uly se­riş­de kuw­wa­ty­na eýe bo­lan Türk­me­nis­tan bi­len öza­ra peý­da­ly işe­wür gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňelt­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Je­nap Erik Stýuart pur­sat­dan peý­da­la­nyp, mil­li Li­de­ri­mi­zi we tu­tuş türk­men hal­ky­ny hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň de­giş­li Ka­rar­na­ma­sy bi­len esas­lan­dy­ry­lan hem-de 3-nji iýun­da giň­den bel­le­ni­len Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni bi­len gut­la­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gut­lag­lar üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Bi­ta­rap­lyk we ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty alyp bar­ýan ýur­du­my­zyň äh­li hyz­mat­daş­lar, şol san­da ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len deňhu­kuk­ly esas­da ýo­la go­ýul­ýan ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry art­dyr­ma­gy, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ber­ki­dil­me­gi üçin he­mi­şe açyk­dy­gy­ny aýt­dy. Türk­me­nis­tan pa­ra­hat­çy­ly­ga gö­nük­di­ri­len ýö­rel­gä­ni ama­la aşyr­ýar. Mu­nuň özi äh­lu­mu­my öl­çeg­ler­de hök­ma­ny ze­rur­lyk­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy.

Erik Stýuart mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýö­red­ýän «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­na ýo­ka­ry ba­ha be­rip, bu sy­ýa­sa­tyň iki ýur­duň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň we beý­le­ki gat­na­şyk­la­ryň gi­ňel­dil­me­gi­ni şert­len­dir­ýän­di­gi­ni bel­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­myz­da köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da üs­tün­lik­li iş­le­ýän ABŞ-nyň işe­wür dü­züm­le­ri bi­len ýo­la goý­lan gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­läp, bu ba­bat­da 2008-nji ýyl­da dö­re­di­len türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­niň mö­hüm go­şan­dy­nyň bar­dy­gy­ny aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ok­gun­ly ös­dü­ril­me­gi­niň çäk­le­rin­de onuň or­ny aý­ra­tyn bel­le­nil­di. Ta­rap­la­ryň yzy­gi­der­li ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de, soň­ky ýyl­lar­da gat­na­şyk­la­ra tä­ze hil we ýo­ka­ry iter­gi be­ril­di.

Şol bir wag­tyň özün­de iki ýur­duň müm­kin­çi­lik­le­ri, oza­ly bi­len hem Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň kö­pu­gur­ly­ly­gy­ny, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly önüm­çi­li­gi­ni we ulag dü­zü­mi­ni na­za­ra al­mak bi­len, has ne­ti­je­li peý­da­la­ny­lyp bil­ner di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di. Ýur­du­myz ga­raş­syz bi­ler­men­le­riň pi­kir­le­ri­ne gö­rä, da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry üçin örän özü­ne çe­ki­ji­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.

Ama­la aşy­ryl­ýan oňyn öz­gert­me­ler Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy taý­dan ok­gun­ly we saz­la­şyk­ly ösü­şi hem-de dur­muş aba­dan­çy­ly­gy üçin pug­ta bin­ýa­dy dö­ret­di. Mil­li Li­de­ri­miz hä­zir­ki dö­wür­de biz ge­ri­mi bo­ýun­ça ba­tyr­gaý tas­la­ma­la­ryň ze­rur tap­gy­ryn­da dur­ýa­rys. Olar yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň öze­ni­ni düz­ýär di­ýip bel­le­di.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we işe­wür ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň gel­jek­ki ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar hem-de ABŞ-nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň dür­li pu­dak­lar­da­ky bi­le­lik­dä­ki ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne gat­naş­ma­ga bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri­ne ga­ra­dy­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­me­giň oňyn ýol­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne ýar­dam ber­ýän işe­wür­lik mas­la­hat­la­ry­ny yzy­gi­der­li ge­çir­me­giň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aý­dyl­dy.

Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my, elekt­roe­ner­ge­ti­ka, sport, sy­ýa­hat­çy­lyk, oba ho­ja­lyk, gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­gat ul­gam­la­ryn­da ägirt uly müm­kin­çi­lik­ler bar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ry­na uzak möh­let­le­ýin esas­da ma­ýa go­ýum­la­ry­ny gö­nük­dir­me­giň üs­tün­lik­li ösü­şiň mö­hüm şer­ti­di­gi­ni aý­dyp, ma­ýa go­ýum pu­da­gyn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de gi­ňel­dil­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­my öza­ra gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Işe­wür se­bit­de çäk taý­dan amat­ly ýer­leş­ýän Türk­me­nis­ta­nyň mö­hüm or­ny eýe­le­ýän­di­gi­ni nyg­tap, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy Ýew­ra­zi­ýa ug­ry bo­ýun­ça döw­re­bap lo­gis­tik mer­kez bo­lan Türk­men­ba­şy­da­ky Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi bi­len gut­la­dy.

Gür­rüň­deş­li­giň do­wa­myn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän we yk­ly­myň äh­li çäk­le­rin­de ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ber­ki­dil­me­gi­ni şert­len­dir­ýän ulag-ara­gat­na­şyk ýol­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan iri hal­ka­ra tas­la­ma­la­ry­ň äh­mi­ýe­ti bel­le­nil­di.

Türk­me­nis­ta­nyň ama­la aşyr­ýan ma­ýa go­ýum mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy ola­ryň önüm­çi­lik pu­dak­la­ry­ny kö­pu­gur­ly esas­da ös­dür­mä­ge, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň top­lum­la­ýyn ösü­şi­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­li­gi­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty bo­ýun­ça öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýän ABŞ-nyň tej­ri­be­si biz üçin peý­da­ly bo­lup bi­ler di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, tä­ze­çil ösü­şi esa­sy ugur edin­ýän Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­ri, da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň işi üçin amat­ly ma­ýa go­ýum we oňyn şert­le­ri dö­red­ýän hä­zir­ki za­man dü­züm­le­ri da­şa­ry ýurt­ly işe­wür­ler üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, je­nap Stýuart ame­ri­kan kor­po­ra­si­ýa­la­ry­nyň ýur­du­myz bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga we türk­men ta­ra­py­na ne­ti­je­li teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hö­dür­le­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Pi­kir alyş­ma­la­ryň çäk­le­rin­de halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň se­na­gat­laş­dy­ryl­ma­gy­na, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly önüm­çi­li­giň dö­re­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len uzak ­möh­let­le­ýin tas­la­ma­la­ry we mak­sat­na­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­ga ABŞ-nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň gat­naş­ma­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni, iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga Türk­me­nis­ta­nyň taý­ýar­dy­gy tas­syk­la­nyl­dy. Türk­men kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň öza­ra peý­da­ly gat­na­şyk­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ABŞ-da iş­le­me­gi­niň gel­jek­ki ugur­la­ry du­şu­şyk­da ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan ýe­ne bir me­se­le­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di, bi­ziň te­le­ke­çi­le­ri­miz ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär­ler.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we myh­man türk­men-ame­ri­kan hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi