Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy

25.10.2017

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şanly baýramçylygyň öňüsyrasyndaky giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy. Oňa Mejlisiň wekilleri, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýurdumyzyň diplomatlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Mejlisiň gün tertibine geçmezden öň, milli Liderimiz Berkarar Watanymyzyň baş baýramynyň – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň ýetip gelýändigini belledi. Şöhratly taryhy gahrymançylyga beslenen merdana halkymyzyň özbaşdak, Garaşsyz döwlet baradaky asyrlarboýy edip gelen arzuwy 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda doly hasyl bolup, Garaşsyz Türkmen döwleti emele geldi.

Garaşsyzlyk mähriban halkymyzyň milli buýsanjydyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Merdana halkymyz Garaşsyzlyk baýramyna berkararlygyň we bagtyýarlygyň beýik baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Sebäbi, taryh üçin gysga döwrüň içinde merdana halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen Garaşsyz Türkmenistan asyrlara barabar ýol geçip, dünýäniň kuwwatly we durnukly ösýän, düýbünden özgeren döwletleriniň birine öwrüldi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda uly üstünlikleri gazandy. Bitarap döwletimiziň halkara abraýy hem yzygiderli ýokarlanýar. Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy, emele gelen döwletara meselelerini parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmegi teklip edýän döwlet hökmünde giňden tanalýar. Umumadamzat bähbitlerine, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň hem-de ösüşiň hatyrasyna örän möhüm başlangyçlary öňe sürüp, bu başlangyçlary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň we bagtyýar halkymyzyň geljeginiň mundan-da nurana boljakdygyna, ösüşleriň täze belentliklerine çykjakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli halkyny Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş arzuw etdi. Ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyz mundan beýläk-de gülläp össün.

Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz zähmetde we gullukda tapawutlanyp, oňat netijeler gazanan raýatlarymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak, şeýle hem hukuk goraýjy we harby edaralaryň gullukçylaryna nobatdaky harby atlary dakmak hakyndaky birnäçe resminama gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygyna hem-de wise-premýerlere ýüzlenip, ähli sylaglanan adamlara mynasyp bolan döwlet sylaglaryny şöhratly senäniň öňüsyrasynda, 26-njy oktýabrda dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine sylaga mynasyp bolan harby gullukçylara sylaglaryny harby ýörişden soň, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda dabaraly ýagdaýda gowşurmak tabşyryldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň uly baýramlarymyzyň öňýanynda günäsiniň geçilýändigini, beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleriň yzygiderli geçirilip durýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Ý.Berdiýewe söz berdi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu Toparyň geçiren işleri hem-de degişli Permanyň taslamasy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş kesilen 1636 raýatymyzyň, şeýle hem daşary ýurt raýatlarynyň birnäçesiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Biz günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris diýip, milli Liderimiz nygtady. Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz günäsi geçilen adamlara bolsa, yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlsiiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer ministrlikde alnyp barylýan işler, Türkmenistan bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNCTAD) arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen strategiki hyzmatdaşlyga ygrarly bolmak bilen, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary yzygerli ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, UNCTAD bilen netijeli gatnaşyklara aýratyn üns berilýär.

BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy 1964-nji ýylda döredildi. 194 döwlet onuň agzasy bolup durýar, şeýle hem halkara guramalarynyň 114-si bu guramanyň işine synçy hökmünde gatnaşýar. Bu düzüm BMG-niň söwda we ösüş, maliýe, tehnologiýa, maýa goýum meseleleri babatda toplumlaýyn işleri alyp barýan utgaşdyryjy edarasydyr.

Şeýle hem UNCTAD-nyň BMG-niň ösüş maksatlary üçin ylym we tehnika Komissiýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu Komissiýanyň agzalaryna 2017-2020-nji ýyllar üçin biragyzdan saýlanyldy.

Ýurdumyzyň hem-de UNCTAD-nyň arasyndaky hyzmatdaşlykda taraplaryň resmi wekilleriniň derejesindäki duşuşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Mundan başga-da, UNCTAD Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda yzygiderli okuw maslahatlaryny geçirýär.

Milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda, daşary söwda gatnaşyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we bu babatda gümrük gullugynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen UNCTAD-nyň arasynda “ASYCUDA World” atly utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamyny ornaşdyrmak boýunça tehniki hyzmatdaşlyk etmek barada taslamalaýyn Ylalaşyga gol çekildi. Häzirki wagtda bu resminama iş ýüzünde amala aşyrylýar.

UNCTAD bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de has-da ösdürmek üçin Daşary işler ministrligi tarapyndan gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Häzirki wagtda oňa taraplar garadylar we ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan bu resminama gol çekmäge rugsat bermek haýyşy bilen ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de giň halkara hyzmatldaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň iri düzümleri, şol sanda BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.

Türkmenistan özara bähbitli sebit we ählumumy hyzmatdaşlyk meselelerinde, şol sanda söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklarda işjeň orny eýeläp, ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmäge degişli möhüm wezipeleriň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamak üçin özüniň oňyn tejribesini hem-de kuwwatyny hödürlemäge taýýardyr.

Milli Liderimiz Ähtnamanyň taýýarlanan taslamasyny makullap, degişli Buýruga gol çekdi hem-de wise-premýere, daşary işler ministrine UNCTAD bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça tabşyryklary berdi. 



Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 24 ýyllyk senesine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, şu ýylyň 1-nji noýabrynda şanly sene mynasybeili ylmy-amaly maslahat geçirmek meýilleşdirilýär. Onda garaşsyzlyk ýyllary içinde bank ulgamynyň ösüşi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ykdysadyýetde gazanylan üsütünlikler, pul-karz syýasatynyň möhüm ugurlary, milli manadymyzyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler hakynda çykyşlar bolar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda döwlet walýutasynyň ulanlyşa girizilmeginiň Türkmenistanyň Garaşsyzylygynyň ýolundaky möhüm ädime öwrülendigini we ýurdumyzyň özygtyýarly hem-de halkara bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde ykrar edilendigini aňladýandygyny belledi. Şu ýyllaryň içinde türkmen manady diňe bir milli buýsanjymyz bolman, eýsem, ol durmuş-ykdysady ösüşiň belent sepgitlerine ýetmekde wajyp orun eýeledi.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiz pul syýasatyny yzygiderli kämilleşdirmäge, halk hojalygy toplumynyň önümçiligine we eksport ugurly pudaklaryna maliýe goldawuny bermäge, dünýäniň iri maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary berkitmäge, ulgamyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmaga we bank işine täzeçil tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga mundan beýläk-de üns berjekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek medeni çäreleriň, şol sanda Hasyl toýy mynasybetli guraljak dabaralaryň taýýarlyk derejesi hem-de medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň tertibi hakynda hasabat berdi.

Hasabatda noýabr aýynda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda döredijilik duşuşyklaryny, maslahatlary, sergileri, sungat ussatlarynyň çykyşlaryny, şol sanda döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan –Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly täze kitaby esasynda meýilleşdirilen çäreleri guramagyň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.

Halkara pudaklaýyn sergiler we maslahatlar, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Medeniýet günleri, Özbegistan Respublikasynyň we Rumyniýanyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleri boýunça guraljak çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde we halkara döredijilik duşuşyklarynda milli sungatymyzyň köp öwüşginliligi hem-de baý medeni mirasymyzyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz döredijilik işgärleriniň ýokary ussatlygy bilen milli medeniýetimiziň mundan beýläk-de ösdürilmegini, dünýäde türkmen halkynyň ruhy mirasynyň giňden wagyz edilmegini, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap türkmen döwletiniň dünýä bileleşigi bilen köp ugurly hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ýardam edýän möhüm çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew 9-10-njy noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly Halkara sergisine hem-de ylmy maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Ýurdumyzda işleýän halkara guramalarynyň, bilim ulgamynda dünýä belli kompýuter we interaktiw tehnikasyny, lingafon enjamlaryny, mekdep mebellerini, okuw-görkezme esbaplaryny, barlaghana enjamlaryny öndürýän hem-de olaryň programma üpjünçiligini taýýarlaýan, sport eşiklerini we esbaplaryny öndürýän kompaniýalaryň 30-a golaýy bu halkara sergisine hem-de ylmy maslahatyna gatnaşmaga isleg bildirdiler. Türkmenistana forumda ýokary okuw mekdepleriň, öňdebaryjy bilim we sport edaralarynyň, beýleki ugurdaş hususy kärhanalaryň ýolbaşçylary wekilçilik eder.

Ylmy maslahata 27 ýurtdan alymlar gatnaşar. Olaryň hatarynda ýolbaşçylar, ylymlaryň doktorlary we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professorlary bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmyň, önümçiligiň we bilimiň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň anyk ugurlar boýunça hünäre gözükdirilmegine aýratyn üns berilmeginiň zerurdygyny belledi. Şahsyýetiň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen okatmagyň täze usullaryny we tehnologiýalaryny has giňden ornaşdyrmak, bilimiň usulyýet binýadyny kämilleşdirmek zerurdyr.

Milli Liderimiz bu halkara forumynyň öňünde durýan esasy wezipeleri häsiýetlendirip, onuň işiniň ähli tapgyrlarda okatmagyň döwrüň talabyna laýyklykda, öňdebaryjy täzeçillik esasynda guralmagyna ýardam bermelidigini aýdyp, wise-premýere bu Halkara sergisini we maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde guramagy üpjün etmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew ýangyç-energetika toplumynyň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, nebiti we gazy çykarmak boýunça maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişi hem-de bu pudakda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýola goýulýan gatnaşyklar barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz senagatyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, nebiti we gazy gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň möçberleriniň ýokarlandyrylmagyna, şeýle hem pudaga maýa goýumlary çekmegiň işjeňleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod kuwwatyny doly durmuşa geçirmäge, öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalaryň, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň esasynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de köpugurly esasda ösdürilmegine gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin zerur çäreleri görmek barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew gözegçilik edýän senagat toplumynyň pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, milli elektron senagatyny ösdürmek hem-de bu ulgamda döredilýän kärhanalaryň netijeli işlerini üpjün etmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň elektrik energiýasynyň sarp edilişini hasaplaýjy enjamlaryň çykarylmagyna gönükdirilen daşyry ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan kiçi önümçilikleriniň işini ýola goýmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Ýurdumyzyň ykdysady strategiýasy senagat pudaklarynyň durnukly, innowasion ösüşine, bazar gatnaşyklary şertlerinde bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokary derejesine ýetilmegine gönükdirilendir, munuň özi ýerli senagat harytlarynyň dünýä bazaryndaky ornunyň pugtalandyrylmagy üçin zerur şert bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlaryny öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasynda kesgitlenilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin şolaryň diňe bir ýokary tehnologiýaly serişde we energiýa tygşytlaýjy enjamlar bilen üpjün edilmän, eýsem, bu ulgamda häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň, degişli ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagynyň üpjün edilmeginiň göz öňünde tutulmagynyň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda içerki bazar üçin ýokary hilli elektrotehniki enjamlaryň önümçiliginiň ýola goýulmagynyň bu ugurda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberlerini azaltmaga mümkinçilik berjekdigini, ilaty isleg bildirilýän harytlar bilen üpjün etmäge şert döretjekdigini nygtap, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri çaltlandyrmak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, “Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň meseleleri hakynda” Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, ministrligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny häzikri döwrüň talaplaryna kybap getirmek, pudaga innowasiýalary ornaşdyrmak, ilata edilýän hyzmatlaryň derejesini we hilini has-da ýokarlandyrmak hem-de aragatnaşyk ulgamynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen Aragatnaşyk ministrligi hakynda Düzgünnamany kämilleşdirmek we onuň düzümine üýtgetmeleri girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň möhüm yklymüsti ulag merkezine öwürmegiň bu ugurda öňdebaryjy ylmy-tehniki gazanylanlary peýdalanmak bilen, ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny dünýä ölçeglerine çykarmak boýunça möhüm wezipeleriň çözülmegini göz öňünde tutýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, aragatnaşyk ulgamynyň düzümine girýän edara-kärhanalaryň işini degişli derejede ýola goýmak hem-de işleriň meýilnamasyny berjaý etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Aşgabady mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň hormatyna guraljak dabaralara taýýarlyk boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda, şäherde täze ýaşaýyş toplumlary gurulýar, paýtagtymyzyň inženerçilik-tehniki hem-de ýol-ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we abadanlaşdyrmak boýunça giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär.

Şäheriň çäklerini abadanlaşdyrmak we gök zolaklary döretmek, dürli görnüşli bag nahallaryny, gülleri ekmek, paýtagtymyzda arassaçylygyň hem-de tertip-düzgüniň ýokary derejesini ýola goýmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz ak mermerli Aşgabadyň ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramyny ýokary derejede garşylamalydygyny belläp, şanly sene mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk çärelerini, şäherde durmuş üpjünçiligi ulgamynyň anyk we bökdençsiz işine jogap berýän jemagat hojalygy we beýleki degişli gulluklaryň ýerine ýetirýän işlerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlaryň göwnejaý ýaşaýşy üçin amatly şertleriň döredilmegini, şäheri bagy-bossanlyga büremegi baş maksat edinýän paýtagtymyzy ösdürmegiň toplumlaýyn konsepsiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmegiň zerurdygyna hem ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Aşgabady ösdürmegiň 16-njy nobatdakysynyň taslamalaryny talaba laýyk derejede taýýarlamak barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz dürli maksatly binalaryň gurluşygynda ekologiýa we bezeg ugurlarynyň göz öňünde tutulmagynyň möhümdigini hem-de şäher gurluşygynda öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň we tehnologiýalaryň işjeň ulanylmalydygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow ýurdumyzda 2018-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulýan sergileriň, ýarmarkalaryň we maslahatlaryň sanawynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Wise-premýer ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksportunyň möçberini artdyrmak boýunça meýilnamalaryň yzygiderli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen, Söwda-senagat edarasynda ýokarda agzalan çäreleri guramak boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, öňümizdäki ýylda Söwda-senagat edarasy tarapyndan ministrlikler we pudak edaralary, telekeçilik düzümleri bilen bilelikde geçiriljek dürli işewür forumlaryň sanawynyň taslamasy taýýarlanyldy we ol döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işjeň halkara gatnaşyklarynyň ýurdumyzyň senagat ulgamynyň we işewürliginiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň strategiki ugurlarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz sergileriň, ýarmarkalaryň hem-de maslahatlaryň geçirilmeginiň bu ulgamda işi has takyk utgaşdyrmaga, daşary söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmakda ýurdumyzyň eksport kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy we hödürlenen teklibi makullady hem-de wise-premýere bu ugurdaky işleri degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelkide berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işi barada habar berdi.

Iş toparlarynda häzirki döwürde we umumy ykrar edilen halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda döwlet ösüşiniň möhüm ugurlaryny nazara almak bilen, birnäçe täze kanunçylyk taslamalaryny taýýarlamak dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Mundan başga-da, Mejlisiň komitetleriniň deputatlary kabul edilýän täze kanunçylyk namalaryny düşündirmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde olaryň mazmuny hakynda yzygiderli wagyz işlerini alyp barýarlar. Daşary ýurtlar we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklary berkidilýär we ösdürilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, täze kanunlary taýýarlamakda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimiziň geljekki ösüşiniň wezipelerinden ugur almagyň, Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça bellenilen ähli meýilnamalary we maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýady üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginleri çeýe we döwrebap çözgütleriň çalt kabul edilmegini, ýurdumzda hem-de jemgyýetimizde amala aşyrylýan ähli özgertmelere dessine seslenmegi talap edýändigini belläp, mümkinçilikleri pugtalandyrmak we kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmek, parlamentarileriň ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet guramalary bilen özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň wajypdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň taýýarlygy bilen baglanyşykly meselelere degip geçip, bu baş maliýe resminamasynyň ýurdumyzyň maýa goýum ykdysadyýetiniň ösüşiniň kämilleşdirilmegine, döwletimiziň durmuş ulgamynyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleriň üpjün edilmegine gönükdirilmelidigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleiýn oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Garaşsyzlygyň 26 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzda 1 million 50 müň tonnadan gowrak pagta hasyly ýygnalandygy we 760 müň gektar meýdanda güýzki bugdaý ekişiniň doly tamamlanandygy baradaky hoş habary aýdyp, döwlet Baştutanymyzy gazanylan üstünlik bilen gutlady.

Häzirki döwürde ähli zerur agrotehniki kadalary berk berjaý etmek arkaly ak ekinlere ideg işleri alnyp barylýar we gögeriş gazanylan ýerlerde ösüş suwy tutulýar. Şeýle hem meýdanlarda galan pagta hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz edermen pagtaçylary hem-de ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ähli işgärlerini “ak altyn” taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, bagt, maşgala abadançylygyny we täze üstünlikler arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynda pudagy hil taýdan täze derejelere çykarmaga gönükdirilen özgertmeleriň durmuşa geçirilmegini işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp – ýer kadastryny taýýarlamak baradaky işi çaltlandyrmak, Türkmenistanda ekerançylygynyň medeniýetini ýokarlandyrmak, oba hojalygyna ylmy işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrmak boýunça wezipeleri kesgitläp, munuň üstünlikli amala aşyrylmagynyň ýurdumyzda dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberleriniň artdyrylmagyny üpjün etjekdigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda berkarar Watanymyzyň tutuş halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Mejlisiň Başlygyna, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli ýadygärlik nyşanyny gowşurmak dabarasy boldy.

Ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümleriniň wekillerine bu sylaglar berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we goranmak ukybyny, hukuk tertibini we kanunçylygy pugtalandyrmakda, ykdysadyýetimizi, medeniýetimizi, sungatymyzy saglygy goraýyş, ylym-bilim we sport ulgamlaryny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary nazara alnyp, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýram mynasybetli gowşuryldy.

Ýadygärlik nyşany bilen sylaglananlar döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde goýlan we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşini hem-de halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen möhüm wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda ähli tagallalary gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olary mynasyp bolan sylaglary we şanly sene bilen gutlady hem-de sylaglananlara berk jan saglyk, özygtyýarly Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we mähriban halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi