«Maşgala karty»

Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan hem, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlarymyz üçin amatly we döwrebap “Maşgala karty” atly täze bank kartyny ilat köpçüligine ýetirildi. Bu täze kart önümi, gelejekde eziz Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine uly goşandyny goşup, ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň has-da kämilleşmegine, töleg ulgamlarynyň geriminiň giňelmegine, pul dolanşygynyň çaltlanmagyna, döwletimiziň her bir raýatynyň öz maşgala býujetiniň dolanşygyna gözegçilik etmekligine we sazlaşykly dolandyrmaklygyna, maşgala agzalarynyň ýaş çagalary maliýe hasaplaşyklary ýaly düşünjelerini we endiklerini berkitmekligine ýardam berer.

Raýatlarymyzyň agzybir maşgalalaryna hödür edilýän “Maşgala karty” atly bank kartyny açmak üçin, müşderi öz hyzmat edilýän bankyna arza bilen ýüz tutmaly. Soňra bank bilen baglaşylan Ylalaşyga laýyklykda bank karty açylýar we müşderiniň “Altyn asyr” bank kartynyň hasabyna birikdirilýär. Bu bank karty möhleti 3 ýyla çenli hereket edýär. Müşderi öz maşgala agzalary üçin açdyran “Maşgala karty” bank kartyny “Internet-banking” ulgamy arkaly şahsy bank kart hasabyndan sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini özbaşdak kesgitleýär.

Hormatly Watandaşlar! Siziň maşgala agzalaryňyz açdyrylan “Maşgala karty” atly bank karty bilen, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda gurnalan töleg terminallaryndan nagt däl hasaplaşyklary geçirip, şeýle hem, bankomatlarda geçirilýän nagt we nagt däl amallaryň ähli görnüşlerinden peýdalanyp bilerler.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty netijesinde amala aşyrylýan maliýe-bank ulgamyndaky özgertmeleriň ählisi ýurdumyzyň raýatlarynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, olaryň ýaşaýyş derejesini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmäge gönükdirilendir, bu bolsa, adam baradaky aladanyň hemme zatdan öňde durýandygyny aňladýar.

Mähriban halkyny asuda, agzybir, bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşadýan, Türkmenistan döwletimiziň barha pajarlap ösmegi ugrunda ýadawsyz tagalla edýän Gahryman hem Arkadag Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jany sag, ömri uzak, beýik tutumlary elmydama rowaç bolsun!

 

Türkmenistanyň “Halkbank” DTB-nyň

Pul dolanşygy müdirliginiň başlygynyň orunbasary
Baýramberdi Babahanow