Kartdan karta

Internet banking arkaly kartdan karta pul geçirmek

 

1. https://ib.gov.tm/ib/ sahypada loginiňizi we parolyňyzy girizip internet banking şahsy kabinete girýärsiňiz

2. Geçirimler menýusyny saýlap, öz kartyňyzy saýlaň we Dowam etmek düwmesine basyň

3. soň sizden bankyň içinde öz kartyňyza ýa-da bankyň içinde kesekiniň kartyna”  birini saýlamaly

4. Kredit kartyň belgisi diýlen ýerde geçirilmeli kartyň belgisini

         9934 XXXX XXXX XXXX formatda giriziň

5. Geçmeli möçberi diýlen ýere geçiriljek pul mukdaryny ýazyň we   Dowam etmek düwmesine basyň

6. Ýene-de bir gezek Dowam etmekdüwmesine basyň

7. Size gelen SMS habaryň içindäki 5 belgili gorag koduny internet sahypada giriziň

8. Dowam etmekdüwmesine basyň

 

 

Mobil banking kartdan karta pul geçirmek

 

1. Telefonyňyzda “Halkbank” mobil bank goşundyny goýberip loginiňizi we parolyňyzy girizip mobil banka girýärsiňiz

2. Geçirimler amalyny saýlaň

3. “Kartlaryň arasynda

                            öz kartyňa

                            beýleki karta”  birini saýlamaly

4. Puluň geçirilmeli kartyň belgisini

         9934 XXXX XXXX XXXX formatda giriziň

5. “Alyjynyň A.A.F

6. Pul moçberini giriziň

7. “Paroly giriziň diýen ýere Mobil bankingiňiziň parolyny giriziň

8. Amaly tassyklamak saýlaň we tölegi tassyklaň

9. Galyp görnüşinde saklamak - gaýtalap ulanmak üçin galyp edip saklamak bolar.

10. Taýýar  - hiç hili goşmaça amal ýerine ýetirilmeýär.

 

 

Bankomatda kartdan karta pul geçirmek.

1. Kartyňyzy salyň we PIN kody giriziň

2. Pul geçirimleri menýusyny saýlaň

3. alyjynyň kart belgini 9934 XXXX XXXX XXXX formatda giriziň

4. Tassyklamak düwmesine basyň

5. Geçirimiň pul mukdaryny giriziň

6. Tassyklamak düwmesine basyň

7. Galyndy möçberi

                            “Ekrana çykarmak

                            “Kwitansiýany çap etmek  birini saýlaň

8. Girizilen maglumatlaryň dogrulygyny barlaň

9. Tassyklamak düwmesine basyň

10. Sag boluň   kartyňyzy alyň!