Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

22.09.2017

2017-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda halkymyzyň we ýurdumyzyň abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly içeri we daşary syýasatyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlise harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýewe söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy we ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda milli taryhy-medeni mirasy çuňňur öwrenmek we wagyz etmek boýunça maksada laýyk işleriň yzygiderli alnyp barylýandygy bellenildi.

Paýtagtymyzda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsertler, teatr sahnalary, mowzuklaýyn sergiler hem-de maslahatlar guralýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwrüň wezipelerine hem-de talaplaryna laýyklykda, medeniýet edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, döredijilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, täze zehinleri ýüze çykarmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak hem-de dünýä bileleşiginiň ähli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, türkmen halkynyň ruhy mirasyny bütin dünýäde giňden wagyz etmek, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam edýän medeni çäreleri geçirmek babatda hem anyk görkezmeler berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Şu ýylyň martynda bäsleşigiň etrap we şäher tapgyrlary geçirildi, şolaryň ýeňijileri aprel aýynda geçirilen welaýat tapgyrlaryna gatnaşdylar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry paýtagtymyzda sentýabryň soňky ongünlüginde geçiriler.

Soňra wise-premýer Türkmenistan bilen HHR-niň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hakynda ylalaşygyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, 2017-nji ýylyň 11—12-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar hem-de olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” diýen at bilen I türkmen-hytaý ylmy-forumyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de HHR-niň Ylym we tehnologiýalar ministrligi tarapyndan guralýan hem-de TYA-nyň Tehnologiýalar merkezinde geçirmek meýilleşdirilýän bu forumyň maksady ylym we innowasiýalar ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryny ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Şeýle hem ylmy institutlaryň we merkezleriň hyzmatdaşlyk etmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Forumyň gün tertibine girizilen esasy meseleleriň hatarynda ekologiýa, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar we energiýanyň alternatiw çeşmeleri; himiki tehnologiýalar we täze serişdeleriň işlenilmegi, oba hojalygynda we maldarçylykda tebigy çig maly gaýtadan işlemekde innowasiýalar; seýsmologiýa; lukmançylykda we farmokologiýada, biologiýada ýokary tehnologiýalar we beýleki meseleler bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaş nesilleriň döredijilik ukyplaryny ösdürmek üçin şertleriň döredilmegine, zehinleri goldamaga we höweslendirmäge gönükdirilen zehinli çagalaryň arasynda her ýyl geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de onuň jemleýji tapgyryny ýokary derejede guramak boýunça tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem türkmen-hytaý innowasion forumyň guramaçylarynyň we oňa gatnaşyjylaryň öňünde duran birnäçe ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi. Bu duşuşyk türkmen we hytaý alymlarynyň, tehnologiýalary paýlaýjylaryň hem-de olary işläp taýýarlaýjylaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam eder. 

Iki ýurduň innowasion taýdan hyzmatdaşlygy ylym ulgamynda bilelikdäki taslamalar hem-de ýokary tehnologik önümleri döretmek üçin ýagdaýlaryň döredilmegi çäräniň esasy meselesidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de alymlar we maýadarlar bilen birlikde foruma ýurdumyzyň telekeçileriniň hem giňden gatnaşmagynyň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz türkmen-hytaý innowasion forumynyň geljegiň bäsleşige ukyply ykdysadyýetini kemala getirmek babatda iki ýurduň tagallalarynyň birleşmegi ugrunda täze ädime öwrüljekdigine ynam bildirip, degişli resminama gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga hem-de Balkan welaýatynyň çäklerinde nebit meýdanlarynyň hapalanmagyna ýol bermezlige gönükdirilen taslamany işläp taýýarlamak boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Deslapky seljermeleriň netijeleri boýunça hereket edýän milli kanunçylyga laýyklykda bu taslamanyň amala aşyrylmagy birnäçe ugurlar boýunça bähbitlidir. Hususan-da, ykdysady nukdaýnazardan -- gazanylan girdejiden salgytlaryň tölenilmegi, durmuş taýdan — täze iş orunlarynyň döredilmegi, ekologiýa taýdan – döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy göz öňünde tutulýar. Bu bolsa daşky gurşawy goramak işine oňyn täsir eder. Şonuň bilen birlikde, geljekde milli hünärmenleriň taýýarlanylmagy hem-de toplanan tejribe şeýle işleri ýerli kärhanalaryň güýçleri bilen amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daşky gurşawy goramagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýandygyny belledi. Ykdysady we durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan uly möçberli milli özgertmeler maksatnamalary ähli babatda adamlaryň durmuş abadançylygynyň aýrylmaz şerti hökmünde ekologiýa düzüm bölegi bilen örän baglanyşykly bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistan tebigaty goramak boýunça halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny goldap, senagat pudagynda häzirki zamanyň ekologiýa taýdan arassa hem-de serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryny peýdalanmaga yzygiderli geçýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz agzalan taslamanyň durmuşa geçirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu meseläni has düýpli öwrenmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekişiniň geçirilişi barada hasabat berdi. Bugdaý ekişi güýçli depginde dowam edýär. Bellenen möhletlerde endigan gögeriş almak maksady bilen, gögeriş we tagt suwuny tutmak işleri geçirildi. Oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de enjamlaryny netijeli işletmek, haşal otlara garşy göreşmek üçin degişli çäreler görülýär.

Hasabatyň çäklerinde pagta ýygymynyň depgini barada hem habar berildi. Ýygnalan hasyl pagta kabul ediş kärhanalaryna hem-de pagta arassalaýjy kärhanalaryna bökdençsiz ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk işlerini bellenen möhletlerde tamamlamagyň wajypdygyny aýdyp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerini üns merkezinde saklamak babatda anyk görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz ýygnalan pagta hasyly üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda doly geçirilmegini üpjün etmäge aýratyn üns bermegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumynyň önümçilik kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak, serişdeleriň ähli görnüşlerini tygşytlamak hem-de oba hojalyk pudagynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew gözegçilik edýän pudaklarynyň, şol sanda himiýa senagatynyň önümçilik düzümini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän zawodyň gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada habar berdi.

Täze gazhimiýa toplumynyň gurluşygy daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda taslamada göz öňünde tutulan möhletlerde alnyp barylýar hem-de dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň tehnologiýalary we enjamlary bilen üpjün edilýär. Kärhananyň işe girizilmegi bilen, öndürilýän mineral önümlerini daşary ýurtlara deňiz ýollary arkaly ibermek meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda desgada gurluşyk-gurnama işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Ammiak önümçiligine degişli we kömürturşy gazyny bölüp aýyryjy enjamlar doly gurnaldy, ammiak ammarynda hem-de tehnologiýa gazyny taýýarlaýjy pejiň gurnama işleri tamamlandy. Zawodyň karbamid önümçiliginde gaz bölüjileriň we turba geçirijileriň gurnama işleri alnyp barylýar.

Mundan başga-da, wise-premýer Garabogaz şäherinde deňiz portunyň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanýan taslama barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow karbamid öndürýän täze zawodyň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň okgunly ösýän gazhimiýa pudagyny we tutuş milli ykdysadyýeti pugtalandyrmak üçin ägirt uly ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu desganyň ýurdumyzyň ägirt uly serişdeler kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, daşary ýurtlara iberilýän senagat önümleriniň, şol sanda dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän mineral dökünleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn senagatlaşdyrmak maksatnamasyna laýyklykda gurulýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda dökünleriň dürli görnüşleriniň önümçiliginiň artdyrylmagynyň wajypdygyny belledi. Munuň özi himiýa senagatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Innowasion esasda täze desgalaryň işe girizilmeginiň hem-de hereket edýänleriniň döwrebaplaşdyrylmagynyň hasabyna bu senagat ulgamy geljekde ägirt uly ykdysady peýda getirer.

Döwlet Baştutanymyz ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere gazhimiýa kärhanasynyň hem-de Garabogazdaky deňiz portunyň gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Aşgabady abadanlaşdyrmak hem-de ony sagdyn we howpsuz ekologiýa gurşawy bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Türkmenbaşy etrabynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän Türkmenbaşy—Garabogaz—Gazagystan awtomobil ýolunyň böleginde täze köprini gurmak baradaky teklibi hödürledi.

Täze köpriniň gurulmagy haryt dolanyşygynyň, ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, goňşy ýurtlaryň arasynda ýolagçy we ulag akymynyň artmagyna, hususan-da, gurulýan karbamid zawodynda öndüriljek önümleri daşamaga ýardam berer.

Hasabatyň barşynda sil suwlarynyň öňüni almak maksady bilen, hünärmenleriň geçiren barlaglarynyň netijeleri barada hem aýdyldy.



Paýtagtymyzyň günorta bölegine sil suwlarynyň inmeginiň öňüni almak maksady bilen, Oba we suw hojalygy ministrliginiň “Türkmensuwylmytaslama” instituty hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň hünärmenleri tarapyndan topogeodeziýa gözleg işleri ýerine ýetirilip, degişli hasaplar geçirildi hem-de desganyň şekil taslamasy taýýarlanyldy.

Köpetdagyň eteginden we şäheriň uzaboýuna uzynlygy 33 kilometr bolan sil akabasyny gurmak, sil suwunyň akyp gelýän uly jarlaryny akaba birikdiriji desgalary, akabanyň awtomobil we demir ýollary bilen kesişýän ýerlerinde köprüleri bina etmek teklip edilýär. Sil suwunyň Garagum derýasyna düşmeginiň öňüni almak üçin göwrümi 15 million kubmetr bolan sil suwlaryny jemleýji aýratyn howdan gurlar, şondan suwy ekin meýdanlaryny suwarmak üçin peýdalanyp bolar.



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow teklipleri makullap, bu taslamalaryň tehniki taýdan düýpli barlanylmagyny hem-de ekologiýa nukdaýnazaryndan hemmetaraplaýyn seljerilmegini üpjün etmegi talap etdi. Döwlet Baştutanymyz ekologiýanyň we howpsuzlygyň ýokary ölçeglerine kybap gelýän has oňaýly durmuş gurşawynyň döredilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny nygtap, bellenilen meýilnamalary amala aşyrmak babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, ministrligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, kadalaşdyryjy hukuk namalary häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, täze innowasiýalary pudaklara ornaşdyrmak, ilatymyza edilýän simli, öýjükli we hemra aragatnaşyklar hyzmatlarynyň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, şeýle hem öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen Aragatnaşyk ministrligi hakyndaky Düzgünnamany kämilleşdirmek, ministrligiň düzüm birligine we gurluşyna üýtgetme girizmek boýunça seljerme işleri geçirildi.

Milli Liderimiz ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklaryny toplumlaýyn ösdürmekde ulag we aragatnaşygyň möhümdigini belläp, ýurdumyzyň demir ýol ulgamynyň ösüşine aýratyn üns berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz demir ýollary gurlanda işleriň ýokary halkara talaplaryna laýyk gelmeginiň hem-de ekologiýa howpsuzlygyny berjaý etmegiň möhümdigini belledi.

Türkmenistanyň tutuş çägini çalt depginlerde möhüm transkontinental ulag merkezine öwürmek ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamlaryny degişli ugurda ylym-tehniki gazanylanlary peýdalanmak bilen dünýä ölçegleriniň derejesine çykarmak boýunça möhüm wezipeleriň çözülmegini hem göz öňünde tutýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aragatnaşyk we kommunikasiýalar pudagyna hojalygy dolandyrmagyň döwrebap usullaryny giňden ornaşdyrmak meselelerine ünsi çekip, wise-premýere bu meseläni jikme-jik öwrenmek hem-de aragatnaşyk pudagynyň edara-kärhanalarynyň işini degişli derejede üpjün etmek hem-de işleriň anyk meýilnamasyny berjaý etmek boýunça gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň Ženewada geçirilen 36-njy maslahatynda kabul edilen «Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky» Jarnamany iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häzirki wagta çenli BMG-ä agza döwletleriň 29-sy bu resminamanyň awtordaşlary bolup çykyş etdi.

Bu Jarnamany iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen anyk teklipler taýýarlanyldy, olara laýyklykda, Milletler Bileleşiginiň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisiniň garamagyna Jarnamany BMG-niň Baş Assambleýasynyň resmi resminamasy hökmünde resmileşdirmek hakyndaky mesele giriziler. Mundan başga-da, türkmen tarapy Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň müdiriýeti hem-de Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen bilelikde Bosgunlaryň sebit, kontinental we halkara derejelerinde, hususan-da, Aziýada geçirilýän sport çärelerine gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça degişli guramaçylyk işlerini geçirmegi zerur hasaplaýar.

Mundan başga-da, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde şu ýylyň 2—6-njy oktýabry aralygynda geçiriljek BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdiriýetiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisine Daşary işler ministrliginiň hem-de Migrasiýa gullugynyň wekillerinden ybarat bolan wekiliýetiň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň we BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdiriýetiniň hem-de Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary guramak we olaryň çäklerinde agzalan Jarnamanyň mazmunyny dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýmak, Bosgunlaryň meselelerine ünsi çekmek we bu barada habarlylygy ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Ženewa şäherinde “Sportuň we olimpik idealyň üsti bilen adam hukuklaryna ýardam bermek” atly BMG-niň adam hukuklary boýunça Geňeşiniň çäklerinde ýörite kararnamany kabul etmek üçin degişli işleri geçirip başlamak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, Jarnamadan gelip çykýan ugurlar boýunça BMG-niň Wena şäherinde ýerleşýän düzüm birlikleri tarapyndan alnyp barylýan işleriň çäklerinde sagdyn durmuşy we olimpiýa hereketini wagyz etmäge bagyşlanan ýörite çäreleri taýýarlamak teklip edilýär.

Şeýle hem bu resminamanyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde Adam hukuklary boýunça geňeş hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy bilen bilelikde brifingleri, “tegelek stollary” we degişli söhbetdeşlikleri guramak meýilleşdirilýär.

Wise-premýer, daşary işler ministri 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde BMG-niň howandarlygynda Bosgunlaryň Olimpiýa hereketine gatnaşmagy boýunça halkara maslahaty geçirmegiň teklip edilýändigini habar berdi.

Şu ýylyň 7-nji aprelinde geçirilen “Aziada – 2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara sport kongresiniň jemleýji Jarnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň howandarlygynda bedenterbiýä we sporta jogapkär ministrleriň ýedinji halkara maslahatynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu forumda Bosgunlaryň halkara sport çärelerine gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ählumumy maksatnamasyny BMG-ä agza ýurtlar tarapyndan kabul edilmegi üçin hödürlemek teklip ediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Jarnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara giňişliginde abraýynyň barha artýandygynyň, ählumumy bähbitlere laýyk gelýän oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugrunyň netijeliliginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi diýip belledi. Türkmenistan BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen, bosgunlara kömek bermek hem-de olaryň hukuklaryny goramak boýunça maksada laýyk işleri amala aşyryp, dünýä bileleşiginiň tagallalaryna saldamly goşant goşýar.

Ýurdumyzyň ynsanperwer syýasaty durmuşa geçirmegi netijesinde özlerine bagly bolmadyk sebäplere görä, öz ýurtlaryndan çykyp gitmäge mejbur bolan birnäçe goňşy we beýleki döwletleriň raýatlary üçin biziň ýurdumyz ikinji Watanyna öwrüldi. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp hem-de türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik we myhmansöýerlik däplerine eýerilip, bu adamlary mynasyp garşylady, olaryň abadan we doly derejeli durmuşy üçin ähli şertler döredildi.

Milli Liderimiz dünýäniň ýurtlarynyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň we giňeldilmeginiň, ähli döwletler tarapyndan ynsanperwerlik we adalatlylyk ýörelgeleriniň yzygiderli berjaý edilmeginiň häzirki wagtda täze many-mazmuna eýe bolandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge gönükdirilen halkara tagallalaryny utgaşdyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Döwlet Baştutanymyz Milli Olimpiýa Komitetiniň Prezidenti bolmak bilen, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň adyndan Bosgunlaryň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna işjeň gatnaşandyklary üçin bosgunlaryň ýygyndy toparynyň agzalaryna hormatly sylaglary hem-de sowgatlary gowşurmagy teklip etdi.

Bu ädim, sözüň doly manysynda BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň 36-njy maslahatynda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen «Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky» Jarnamany iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça ilkinji çäre bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Biziň dünýä bileleşigine teklip edýän şu we beýleki başlangyçlarymyzyň ählisi Birleşen Milletler Guramasynyň ileri tutulýan wezipeleri hem-de maksatlary bilen baglanyşyklydyr we aýratyn ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz beýan edilen teklipleri makullap, wise-premýere, daşary işler ministrine ýokarda agzalan Jarnamany iş ýüzünde amala aşyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işleriniň netijeleri hem-de Ýaşulularyň maslahatyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen kanun taslamalarynyň üstünde işlemek dowam edýär. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyljak resminamalary taýýarlamak işi alnyp barylýar.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy kanunçykaryjylyk ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça işler barada habar bermek bilen, Mejlisde birnäçe döwletleriň parlamentleriniň ýolbaşçylary we wekiliýetleri bilen geçirilen duşuşyklaryň netijeli bolandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanunçykaryjylyk işini mundan beýläk-de döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny we öňdebaryjy dünýä tejribesini nazara almak bilen dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Parlamentara gatnaşyklarynyň giňelmegi hut şoňa ýardam edýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, kanunçykaryjylyk işi Mejlisiň deputatlarynyň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary we ilat bilen yzygiderli aragatnaşykda bolmagyny göz öňünde tutýar. Çünki ähli kanunlar ozaly bilen ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş derejesini gowulandyrmak, asuda we döredijilikli zähmet çekmegi üçin oňaýly şertleri döretmelidir.

Milli Liderimiz Ahal welaýatynda geçiriljek Ýaşulularyň maslahatyny guramak meselesine degip geçip, umumymilli maslahatyň ýokary derejede geçip, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini beýan etmelidigini nygtady.

Soňra mejlise çagyrylan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, harby düzümleriň işini has-da kämilleşdirmek hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, özygtyýarly ýurdumyzyň howpsuzlygynyň we durnukly ösüşiniň esaslaryny üpjün etmek, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işine ýokary talaplaryň bildirilýändigini belledi. Şundan ugur almak bilen, harby gullukçylaryň we işgärleriň arasynda, olara ynanylan düzümlerde düzgün-tertibiň berkidilmegine berk gözegçiligiň amala aşyrylmagy örän möhüm wezipe bolup durýar. Şu babatda türkmenistanlylaryň parahatçylykly zähmetini üpjün edýän harby gullukçylaryň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hünär taýýarlygyna aýratyn üns bermek wajypdyr. 



Döwlet Baştutanymyz jemgyýetimiziň durnuklylyk ösmegi hem-de eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy boýunça kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde harby we hukuk goraýjy edaralaryň goşandyna ýokary baha berip, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň goranyş syýasaty esasynda işlenip taýýarlanandygyny we amala aşyrylýandygyny belledi.

Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy düzümleriň öňünde goýlan jogapkärli wezipelere ünsi çekip, şol edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň, Watan goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmegiň geljekde hem döwletimiziň aýratyn aladasy boljakdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de uly üstünlikleri, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi