E-commerce

Elektron söwdasynyň manysy zerur bolan harytlary Internet arkaly alyp satmakdyr, ol daşary ýurtlarda e-commerce diýip atlandyrylýar. Elektron söwdasynyň görnüşleri dürli-dürlüdir (haryt, hyzmat, gozgalmaýan emläk, bank önümleri we ş.m.). Häzirki wagtda elektron söwdasynyň esasy ugurlary azyk harytlary, senagat harytlary we habar beriş önümleri bilen bagly bolup durýar. Elektron söwdasynyň esasy amatlyklarynyň biri-de adamlaryň isleg bildirýän önümlerini seçip-saýlap almakda wagtyny tygşytlaýanlygydyr. Mysal üçin: kitap satýan internet dükany bolsa, müşderi ondan almak isleýän kitabyny saýlap, sebete atýar. Soň töleg düwmesine basyp töleg parametrlerini girizýär. Ol ýerde kart belgisi, ady, familiýasy, kartyň möhleti we kartyň arka tarapyndaky CVV kody (üç belgili san) girizilýär. Bu maglumatlar girizilenden soň, kartyň eýesiniň öz bankynda görkezen mobil telefon belgisine SMS ugradylýär, kartyň hakyky eýesi bu SMS-däki (5 belgili san) awtorizasiýa koduny girizenden soň töleg amal edilýär. Kod nädogry girizilse ýa-da girizilmese töleg amal edilmeýär. Elektron söwdasy 1970-nji ýylda ABŞ-da kompýuterleriň arasynda maglumat alyş-çalşygy EDI (elektron maglumat çalşygy) we banklaryň arasyndaky elektron pul birlik geçirimleriniň EFT (elektron pul çalşygy) ulgamlarynyň gurnalan wagtyndan gözbaş alyp gaýdýar. Internet maglumatlar torunyň ösmegi, elektron söwdasynyň giňden ýaýbaňlanmagyna güýçli itergi berdi. Şahsy eýeçilikdäki kärhanalaryň, kiçi we orta telekeçiligiň arasynda söwda şertnamalaryny göni (on-line) aragatnaşygynda baglaşmaga we önümi ýerlemäge oňyn mümkinçilikler peýda bolýar. Göni aragatnaşyk bankomatlar arkaly amala aşyrylýan hasaplaşyk işlerini gönüden-göni bank bilen ýakyn arabaglanyşykda, üznüksiz maglumat gatnaşygynda alyp barmaga ýol açdy. Internetiň we elektron söwdasynyň ýene-de bir aýratynlygy söwda şertnamalarynyň baglanyşmagynyň çykdajylaryny tygşytlamaga ýagdaý döredýänligidir, şol sebäpli kärhanalar öz maglumatlaryny elektron görnüşe geçirmegi we ýerine ýetirmegi ileri tutulýan ugur hasaplaýarlar.

Häzirki wagtda dünýä ýüzünde elektron söwdasynyň güýçli depginde ösmegi bilen wirtual söwda nokatlary, kärhanalary we guramalary döredilýär. Olaryň arasynda harytlary bäsdeşlik esasynda hödürlemek we satmak mümkinçilikleri hasam giň gerime eýe boldy. Elektron söwdasynyň esasy aýratynlyklarynyň ýene-de biri önümiň we harydyň internet ulgamynyň üsti bilen netijeli mahabatlandyryp, mydama hereketde bolmaga amatly ýagdaý döredýänligidir. Elektron maglumatlar ulgamynda harydy ýerlemegiň we mahabat etmegiň esasy görnüşleri şu aşakdakylardan ybaratdyr:

·     Banner mahabaty;

·     Tele we radio arkaly mahabatlandyrmak;

·     Gözleg ulgamynda we kataloglarda ýerleşdirmek arkaly guralýan mahabat.