Döwrebap goýum – döwrebap hyzmat

Milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginler bilen ösmegi, ilatyň maddy hal ýagdaýynyň ýokarlanmagyna, ýurduň ykdysadyýetiniň ösmegine, şol sanda hususy telekeçiligiň geriminiň giňemegine ýardam berýär. Bu bolsa, bankyň süýşürintgileriniň yzygiderli artmagyny we banklaryň serişdeleri çekmeklik wezipesini ýokarlandyrýar.

Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bank ulgamynda ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek, dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak maksady bilen dürli çäreler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, ilatyň erkin duran pul serişdeleriniň banklara çekilmegi iki tarap üçin hem bähbitli bolup durýar.

Şol nukdaýnazardan Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan hem, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlarymyz üçin ýokary göterim girdejili, amatly we döwrebap “Goýum bank karty” atly täze goýumyň görnüşi ilat köpçüligine ýetirildi.

Raýatlarymyza hödürlenen “Goýum bank karty” möhletsiz bolup, onuň ýyllyk girdejiligi 6 göterim derejesinde kesgitlenilendir. “Goýum bank kartyna” islendik möçberde nagt puly goýmak, hasabynyň üstüni islendik wagt dolmak, toplanan serişdeleri bankomatlar arkaly nagt görnüşinde almak, nagt däl hasaplaşyklaryň üsti bilen söwda we hyzmat ediş nokatlarynda hasaplaşyklary geçirmek, goýumyň galyndysyny we toplanan göterimiň möçberini “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlaryň üsti bilen barlamak hem-de berlen karzlaryň, şol sanda ipoteka karzlarynyň esasy bergilerini we göterimlerini, öýjükli aragatnaşyk, internet, IP-telewideniýe, Aşgabat şäher telefon ulgamyň hyzmatlary üçin töleglerini geçirmek, goýulan nagt pul serişdesini islendik wagtda yzyna almak göz öňünde tutulan.

Mundan başga-da “Goýum bank karty” goýum hasabyna çekilen serişdelere göterimleri hasaplamagyň döwrebap usuly ulanylyp, göterimler aýda hasaplanýar we goýumyň esasy hasabynyň üstüne goşulýar.

“Goýum bank kartyny” almaga isleg bildirýän raýatlarymyz Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň baş binasyna ýa-da ýurdumyzyň çägindäki islendik bank şahamçasyna pasportynyň asyl nusgasy bilen ýüz tutup bilerler.

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyz baradaky edýän bimöçber aladalary her ädimde duýlup, göwünleri galkyndyrýar, täze belent sepgitlere ýetmeklige uly itergi berýär. Şeýle özgerişleriň sakasynda duran hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky