Şahsy taraplar

Hasaplaşyk - kassa amallary

Türkmenistanyň "Halkbank" DTB-y şahsy taraplara hasaplaşyk–kassa hyzmatlarynyň aşakdaky görnüşlerini hödürleýär:

  • Goýum hasaplaryny açmak we ýöretmek;
  • Hasaplaryň eýelerine ýa-da olaryň kanuny mirasdüşerlerine hasaplaryň göçümesini bermek;
  • Goýumçylaryň goýum hasaplaryna pul serişdelerini geçirmek;
  • Müşderileriň karzlar boýunça bergisini geçirmek;
  • Pul birliklerini çalyşmak;
  • Kommunal we beýleki tölegleri kabul etmek;
  • Türkmenistanyň kanunlaryna garşy gelmeýän beýleki amallar

Gyrat - Nagt pul geçirimleri

Durmuşyň ösüş depginleri wagt gymmatlygynyň ýokarlanmagyna getirýär, bu bolsa öz gezeginde müşderileriň dürli görnüşli hasaplaşyklara we töleglere isleglerini ösdürýär, netijede kämil nagt pul geçirme zerurlygy ýüze çykýar. Görkezilen amaly bank müşderileri üçin hasap açyp ýa-da açman amala aşyryp bilýär. Goýum hasabyny ulanmazdan şahsy taraplaryň serişdelerini geçirmeklik iki sany görnüşli bank önümini göz öňünde tutýar: tiz pul geçirimleri "Gyrat" we möhletli pul geçirmeleri.

Subscribe to RSS - Şahsy taraplar